Baş sahypa
\
Resmi
\
Resmi habarlar 23-nji Aprel
Resmi
Resmi habarlar 23-nji Aprel
Çap edildi 23.04.2015
1929

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe çuňňur bilimli, giň dünýägaraýyşly, watançy, kämil terbiýeli nesli kemala getirmek hem-de “Bilim hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunyny ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Orta bilim hakyndaky şahadatnamanyň, Başlangyç hünär bilimi hakyndaky diplomyň, Orta hünär bilimi hakyndaky diplomyň, Ýokary hünär bilimli hünärmeniň diplomynyň nugalary tassyklanyldy. *** Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-täjik hökümetara toparynyň altynjy mejlisine gatnaşmak üçin, Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalary 2015-nji ýylyň 27-30-njy apreli aralygynda Täjigistan Respublikasynyň Duşanbe şäherinde gulluk iş saparynda bolar.

Soňky habarlar
26.04
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
26.04
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň atşynaslaryna, bedew janköýerlerine we ähli halkyna
26.04
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
25.04
Türkmenistanyň Prezidenti Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçirilen dabaralara gatnaşdy
25.04
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi
24.04
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
24.04
B.A.Baýramow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
B.S.Çungaýew hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
M.S.Saryýew hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
A.R.Gurbanow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
top-arrow