Baş sahypa
\
Resmi
\
Resmi habarlar 2-nji Aprel
Resmi
Resmi habarlar 2-nji Aprel
Çap edildi 02.04.2015
1853

“Awtomobil ýollary we ýol işi hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunyny ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda Awtomobil ýollarynyň ýeke-täk döwlet sanawynyň düzülmeginiň we ýöredilmeginiň Düzgünleri, şeýle hem Awtomobil ýollaryna kybaplaşdyryş san belgileriniň berilmeginiň Düzgünleri tassyklanyldy. *** Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda türkmen halkynyň milli baýlygy we buýsanjy bolan behişdi bedewlerimiziň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak maksady bilen, şeýle hem “Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli bäsleşikleri geçirmek hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2012-nji ýylyň 16-njy noýabrynda çykaran 12657-nji kararyna laýyklykda Aşgabat şäherinde 2015-nji ýylyň 24-nji aprelinde Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli ahalteke atlarynyň halkara gözellik bäsleşigini hem-de olaryň gözelligini şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserlerinde, neşir önümlerinde, fotosuratlarda, teleýaýlymlarda çeper beýan etmek ugrunda suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, halyçylaryň, zergärleriň, fotosuratçylaryň, neşirýat işgärleriniň, dizaýnerleriň, teleoperatorlaryň arasynda bäsleşikleri geçirmek bellenildi. Şeýle hem resminama bilen bu bäsleşikleri geçirmek boýunça eminler toparynyň düzümi tassyklanyldy.

Soňky habarlar
26.04
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
26.04
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň atşynaslaryna, bedew janköýerlerine we ähli halkyna
26.04
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
25.04
Türkmenistanyň Prezidenti Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçirilen dabaralara gatnaşdy
25.04
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi
24.04
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
24.04
B.A.Baýramow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
B.S.Çungaýew hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
M.S.Saryýew hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
A.R.Gurbanow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
top-arrow