Baş sahypa
\
Resmi
\
Resmi habar 19-nji Fewral
Resmi
Resmi habar 19-nji Fewral
Çap edildi 19.02.2015
1816

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkymyzyň agzybirliginiň we döwletimiziň Garaşsyzlygynyň hem-de Bitaraplygynyň nyşany bolan Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň şan-şöhratyny has-da belende götermek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynyň häkimliklerine Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynyň her birinde beýikligi 100 metr bolan Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň bir sany sütüniniň taslamasyny düzmek we olary ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyryp gurmak barada degişli ýerli kärhanalar bilen şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi. Gurluşyk işlerine 2015-nji ýylyň mart aýynda başlamak we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň sütünlerini Lebap, Mary welaýatlarynda 2015-nji ýylyň iýun aýynda, Daşoguz welaýatynda 2015-nji ýylyň iýul aýynda, Balkan welaýatynda 2015-nji ýylyň awgust aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.

Soňky habarlar
26.04
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
26.04
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň atşynaslaryna, bedew janköýerlerine we ähli halkyna
26.04
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
25.04
Türkmenistanyň Prezidenti Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçirilen dabaralara gatnaşdy
25.04
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi
24.04
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
24.04
B.A.Baýramow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
B.S.Çungaýew hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
M.S.Saryýew hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
A.R.Gurbanow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
top-arrow