Baş sahypa
\
Resmi
\
Resmi habarlar 16-njy Fewral
Resmi
Resmi habarlar 16-njy Fewral
Çap edildi 16.02.2015
1757

Beýik ata-babalarymyzyň bize wesýet eden rehimdarlyk we ynsanperwerlik baradaky ýörelgelerini goldanyp, türkmen jemgyýetiniň hem-de her bir maşgalanyň agzybirligini we bitewüligini has-da pugtalandyrmak maksady bilen, şeýle hem Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli iş kesilenleriň günäsini geçmek hakyndaky” Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda, günäsi geçilenler mundan beýläk esasy jeza çäresini, şeýle hem belli bir ýerde ýaşamak borjuny ýüklemek görnüşindäki goşmaça jeza çäresini çekmekden boşadyldy. *** Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Döwletmyrat Amanmyradowiç Mülkiýew Türkmenistanyň Merkezi bankynyň müdiriýetiniň başlygynyň orunbasary wezipesine bellenilip, ol Türkmenistanyň “Türkmenbaşy” döwlet täjirçilik bankynyň müdiriýetiniň başlygynyň orunbasary wezipesinden boşadyldy. *** Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Batyr Gylyjow Lebap welaýatynyň Garabekewül etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildi.

Soňky habarlar
26.04
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
26.04
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň atşynaslaryna, bedew janköýerlerine we ähli halkyna
26.04
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
25.04
Türkmenistanyň Prezidenti Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçirilen dabaralara gatnaşdy
25.04
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi
24.04
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
24.04
B.A.Baýramow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
B.S.Çungaýew hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
M.S.Saryýew hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
A.R.Gurbanow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
top-arrow