Baş sahypa
\
Medeniýet
\
«Ýüpek ýoly — ýürek ýoly» teatr festiwalynyň netijeleri jemlendi
Medeniýet
«Ýüpek ýoly — ýürek ýoly» teatr festiwalynyň netijeleri jemlendi
Çap edildi 07.07.2018
2352

Türkmenistanyň Baş drama teatrynda «Ýüpek ýoly — ýürek ýoly» atly teatr festiwalynyň ýapylyş dabarasy boldy. Oňa Medeniýet ministrliginiň wekilleri, paýtagtymyzyň we welaýat teatrlarynyň döredijilik toparlary gatnaşdylar. Bu çäre iýun aýynyň üçünji ongünlüginde geçirilen Türkmenistanyň Medeniýet hepdeliginiň özboluşly dowamyna öwrüldi hem-de ilatyň ünsüni ýurdumyzyň teatrlarynyň döredijiligine çekdi. Festiwalyň çäklerinde görkezilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynyň esasynda sahnalaşdyrylan “Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty”, “Amul Hazar arasy”, “Ýüpek ýolunyň ýüregi”, “Gündogaryň ýyldyzy”, “Kerwenbaşynyň ogly”, “Gürgenç kyssalary”, “Söýgi ummanynda küreksiz” atly oýun tomaşaçylary gadymy söwda ýolunyň taryhy hem-de onuň häzirki zaman dünýäniň kemala gelmegine täsiri bilen tanyşdyrdy. Milli Liderimiz öz işinde bu transmilli ýoluň halklaryň dostlugynyň berkemeginde hem-de dünýä hojalyk gatnaşyklarynyň ösmeginde bahasyna ýetip bolmajak orun eýeländigini nygtaýar. Ýüpek ýoly Ýewropany we Aziýany mäkäm ykdysady we medeni gatnaşyklar bilen birleşdirdi, onuň ýüreginde—Türkmenistanda bolsa Günbataryň we Gündogaryň medeniýetleriniň özara ýakynlaşmak ýörelgesiniň iň gowy däpleriniň ösmegi dowam edýär. Bu festiwal milli teatr sungatynyň döredijilik mümkinçiliklerini döwrüň alamatlaryna degişli täze işler bilen baýlaşdyrdy. Türkmen halkynyň watançylyk, edermenlik, zähmetsöýerlik, tutanýerlilik, ynsanperwerlik ýaly belent ruhy-ahlak häsiýetlere eýe bolan gahrymanlary döreden oýunlar ýurdumyzyň teatrlarynyň sahna gorlarynyň üstüni ýetirer. Teatr toparlaryna ýadygärlik sertifikatlaryň, şeýle hem “Erkek keşbini iň oňat ýerine ýetirendigi üçin”, “Zenan keşbini iň oňat ýerine ýetirendigi üçin”, “Kiçi göwrümli keşbi iň oňat ýerine ýetirendigi üçin”, “Iň oňat drama eseri üçin”, “Suratkeşiň iň oňat işi üçin”, “Iň gowy sahna lybaslary üçin”, “Iň oňat režissura üçin”, “Iň gowy halypaçylyk işi üçin”, “Döredijilik gözlegleri üçin” diýen ugurlarda ýeňiş gazananlara sylaglaryň gowşurylmagy çäräniň möhüm pursadyna öwrüldi. Ýeňijileriň pikirine görä, şu festiwal halkymyzyň özboluşly taryhy-medeni mirasyny wagyz etmäge mynasyp goşandyny goşdy. Şeýle döredijilik çäresiniň geçirilmegi ýurdumyzda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň amala aşyrýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine — medeniýeti we sungaty ösdürmäge uly ünsüň berilýändigine aýdyň şaýatlyk edýär. “Hoş gal, festiwal!” diýen aýdym baýramçylyk çäresiniň jemleýji pursadyna öwrüldi.

Soňky habarlar
17.06
Türkmenistanyň Prezidenti Islandiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
16.06
Ösüşiň innowasion ýoly — jemgyýetiň we döwletiň rowaçlygynyň kepili
15.06
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
15.06
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygyny gutlady
15.06
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygyny gutlady
15.06
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 19 million 507 müň dollaryndan gowrak boldy
14.06
Türkmenistanyň Prezidenti Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidentini gutlady
13.06
Ýokary hünärli ýaşlar bilen serkerdeler düzüminiň hatary artýar
13.06
Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýokary okuw mekdepleriniň uçurymlaryna, serkerdelerine we professor-mugallymlaryna
12.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
top-arrow