Baş sahypa
\
Resmi
\
Resmi habarlar 26-nji Ýanwar
Resmi
Resmi habarlar 26-nji Ýanwar
Çap edildi 26.01.2015
1845

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Toýli Amanmyradowiç Kuliýew Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildi. *** Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Tagandurdy Hojamämmedowiç Ürgenjow Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildi. *** Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda ýüpekçilik pudagyny yzygiderli ösdürmek boýunça öňde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, şeýle hem piläniň öndürilýän möçberlerini has-da artdyrmak we hilini ýokarlandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligine we welaýatlaryň häkimliklerine 2015-nji ýylda 2000 tonna, şol sanda:Ahal welaýatynda—155 tonna; Balkan welaýatynda –25 tonna; Daşoguz welaýatynda—470 tonna; Lebap welaýatynda—950 tonna; Mary welaýatynda—400 tonna çig pile öndürmek boýunça tabşyryklaryň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek bellenildi. Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi welaýatlaryň häkimlikleri bilen pile öndürmek boýunça baş ylalaşyklary baglaşmaga; Ministrligiň garamagyndaky “Türkmenýüpek” paýdarlar jemgyýetiniň üsti bilen welaýatlaryň daýhan birleşiklerini ýokary hilli ýüpek gurçugynyň zerur mukdary bilen üpjün etmäge borçly edildi. Welaýatlaryň häkimliklerine şu Karara laýyklykda, pile öndürmek boýunça borçnamalaýyn tabşyryklaryň doly möçberde ýerine ýetirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.

Soňky habarlar
26.04
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
26.04
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň atşynaslaryna, bedew janköýerlerine we ähli halkyna
26.04
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
25.04
Türkmenistanyň Prezidenti Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçirilen dabaralara gatnaşdy
25.04
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi
24.04
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
24.04
B.A.Baýramow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
B.S.Çungaýew hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
M.S.Saryýew hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
A.R.Gurbanow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
top-arrow