Baş sahypa
\
Resmi
\
Resmi habarlar 16-nji Ýanwar
Resmi
Resmi habarlar 16-nji Ýanwar
Çap edildi 16.01.2015
1819

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň gurluşyk we binagärlik ulgamynda gazanylýan üstünlikleri we täzelikleri giňden ýaýbaňlandyrmak, halk köpçüligine ýetirmek hem-de gurluşyk pudagynyň kämilleşdirilişini yzygiderli beýan etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligine «Türkmenistanyň gurluşygy we binagärligi» žurnalyny bellenen tertipde döretmäge ygtyýar berildi hem-de bu žurnaly çärýekde bir gezek türkmen dilinde 2015-nji ýyldan neşir edip başlamak tabşyryldy. Türkmen döwlet neşirýat gullugy «Türkmenistanyň gurluşygy we binagärligi» žurnalynyň ýokary hilli we wagtynda neşir edilmegini üpjün etmäge borçly edildi. *** Ýurdumyzyň ilatynyň asuda we howpsuz durmuşyny ýokary derejede üpjün etmek hem-de adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak maksady bilen Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Adatdan daşary ýagdaýlar baradaky döwlet toparynyň 2015-nji ýyl üçin iş meýilnamasy tassyklanyldy.

Soňky habarlar
26.04
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
26.04
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň atşynaslaryna, bedew janköýerlerine we ähli halkyna
26.04
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
25.04
Türkmenistanyň Prezidenti Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçirilen dabaralara gatnaşdy
25.04
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi
24.04
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
24.04
B.A.Baýramow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
B.S.Çungaýew hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
M.S.Saryýew hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
A.R.Gurbanow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
top-arrow