Baş sahypa
\
Medeniýet
\
Türkmenistanda Horwatiýanyň Medeniýet günleri geçirilýär
Medeniýet
Türkmenistanda Horwatiýanyň Medeniýet günleri geçirilýär
Çap edildi 29.10.2018
2295

Paýtagtymyzda Horwatiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň hem-de olaryň çäklerinde geçirilýän dostlukly döwletiň maddy däl medeni mirasyna bagyşlanan fotoserginiň açylyş dabarasy boldy. Döredijilik çäresini iki ýurduň degişli ministrlikleri guradylar. Ýokary derejedäki duşuşyklar, ikitaraplaýyn görnüşdäki özara gatnaşyklar, iri halkara düzümleriň, şol sanda Ýewropa Bileleşiginiň hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerindäki gatnaşyklar Türkmenistanyň we Horwatiýa Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da ösdürmegiň oňat geljeginiň bardygyny tassyklaýar. Ynsanperwer ugur, halklaryň biri-biriniň taryhyna, milli mirasyna we medeniýetine bildirýän özara gyzyklanmasy şol gatnaşyklaryň esasyny düzýär. Soňky ýyllarda bilelikdäki möhüm resminamalara, şol sanda söwda-ykdysady gatnaşyklar boýunça işjeň we netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmaga gönükdirilen resminamalara gol çekildi, döwlet düzümleriniň ugry hem-de hususy ulgam boýunça işewür gatnaşyklary ösdürmek babatda ylalaşyklar gazanyldy, syýahatçylyk, medeniýet we sungat ulgamlarynda netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň tomsunda Horwatiýa Respublikasynyň paýtagty Zagreb şäherinde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-horwat hökümetara toparynyň üçünji mejlisiniň geçirilendigini bellemek gerek. Bu topara dürli ugurlarda, şol sanda ynsanperwer-medeni ulgamda ikitaraplaýyn gatnaşyklary has-da ösdürmekde möhüm orun berilýär. Türkmenistanyň Hökümetiniň hem-de Horwatiýa Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda 2014-nji ýylda gol çekilen Özara düşünişmek hakynda ähtnamanyň esasynda medeniýet ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek bilen baglylykda dostlukly ýurduň alymlary, sungat ussatlary we medeniýet işgärleri Türkmenistanda geçirilýän halkara ylmy hem-de döredijilik forumlaryna işjeň gatnaşyp başladylar. Horwatiýanyň Medeniýet günleriniň hem-de fotoserginiň açylyş dabarasy Döwlet şekillendiriş sungaty muzeýinde geçirildi, bu ýere döredijilik işgärleriniň, habar beriş serişdeleriniň wekilleri, talyp ýaşlar ýygnandylar. Dabara gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa hem-de Horwatiýa Respublikasynyň Prezidenti Kolinde Grabar-Kitarowiçe ynsanperwer gatnaşyklary giňeltmäge, iki halkyň özara düşünişmegine ýardam edýän parahatçylyk söýüjilikli syýasy ugur üçin hoşallyk sözlerini beýan etdiler. Häzirki döredijilik çäresi bu ugurda ähmiýetli ädimleriň biridir diýip, çykyş edenler bellediler. Hut şeýle gatnaşyklar sungatyň ajaýyp dünýäsini açmaga, adamlary ýakynlaşdyrmak üçin mümkinçilikleri döretmäge ýardam edýär. Zagreb şäherinde ýerleşen Etnografiýa muzeýi tarapyndan guralan fotosergi dostlukly ýurduň dürli sebitleriniň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna giren özboluşly däp-dessurlary barada gürrüň berýär. Ertir Medeniýet ministrliginde Horwatiýa Respublikasynyň resmi wekiliýeti kabul ediler. Myhmanlar türkmen döwletiniň medeniýet, mirasy goramak we dünýä ýaýmak, ynsanperwer ulgamda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bilen tanyşdyrylar. Medeniýet günleriniň çäklerinde “Aşgabat” kinoteatrynda horwat kinematografiýaçylarynyň işleri görkeziler, Mukamlar köşgünde bolsa horwat pianinoçylarynyň konserti guralar.

Soňky habarlar
17.06
Türkmenistanyň Prezidenti Islandiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
16.06
Ösüşiň innowasion ýoly — jemgyýetiň we döwletiň rowaçlygynyň kepili
15.06
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
15.06
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygyny gutlady
15.06
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygyny gutlady
15.06
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 19 million 507 müň dollaryndan gowrak boldy
14.06
Türkmenistanyň Prezidenti Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidentini gutlady
13.06
Ýokary hünärli ýaşlar bilen serkerdeler düzüminiň hatary artýar
13.06
Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýokary okuw mekdepleriniň uçurymlaryna, serkerdelerine we professor-mugallymlaryna
12.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
top-arrow