Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Täze weterinar hassahanasy — haýwanat dünýäsi hakynda alada
Jemgyýet
Täze weterinar hassahanasy — haýwanat dünýäsi hakynda alada
Çap edildi 26.02.2019
1811

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 15-nji fewralda ýurdumyzyň ýolbaşçylar düzümi bilen geçiren iş maslahatynda döwletimiziň howandarlygynda geljekde haýwanat dünýäsini goramak boýunça merkeziň esasy bolup hyzmat etjek merkezleşdirilen weterinar hassahanasyny döretmek baradaky teklibi ýurdumyzyň hökümetiniň ykdysady we durmuş taslamalarynda işjeň hyzmatdaşy bolup çykyş edýän Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi tarapyndan işjeň goldanyldy. «Rysgal» paýdarlar täjirçilik banky 23205934173865610135000 belgili ýörite hasaplaşyk hasabyny açdy. Bu hasaba diňe bir işewürler däl, islendik adam maliýe serişdelerini geçirmek bilen, bu sogap işe öz goşandyny goşup biler. 26-njy fewrala çenli ýagdaýa görä bu hasaplaşyk hasabyna 220 müň 105 manat pul serişdesi gelip gowuşdy. Şeýlelikde, biziň jemgyýetimiz döwlet serişdeleriniň hasabyna amala aşyrylýan asylly başlangyja öz goşandyny goşýar. Ýokarda agzalyp geçilen maslahatda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, bellenilen meýilnamalaryň durmuşa geçirilmegi ruhy-ahlak ähmiýetine eýe bolup, ýaş nesliň rehimdarlyk we ynsanperwerlik ruhunda terbiýelenmegine ýardam eder. Milli Liderimiz watandaşlarymyzy aň-düşünjeli, jogapkärli ýörelgä çagyryp, bu meselede tebigata hem-de janly-jandarlara biparh bolmazlygyň türkmen halkynyň özboluşly häsiýetiniň esasynda durýandygyny nygtaýar. Milli Liderimiziň öňde goýan wezipelerini amala aşyrmak üçin häzirki wagtda uly işler geçirilýär. Weterinar hassahanasynyň taslamasyna laýyklykda, merkez halkara tejribede kabul edilen talaplara laýyk geler. Bu ýerde stasionar ýerleşip, onda haýwanlaryň eýeleri dowamly bejerişiň we aýratyn idegiň zerur bolan halatynda öý haýwanlaryny goýup gidip bilerler. Merkeziň çäginde haýwanlary wagtlaýyn saklamak üçin bina gurmak göz öňünde tutulýar, şol ýerde eýeleri iş saparyna, rugsada we beýleki ýerlere gidenlerinde öý haýwanlaryny ýerleşdirmek bolar. Merkeziň hirurgiýa, terapiýa we laboratoriýa-anyklaýyş bölümlerini döwrebap enjamlar bilen üpjün etmek göz öňünde tutulýar. Geljekde idegsiz galan jandarlary saklamak üçin niýetlenen binanyň aýratyn taslamasyny amala aşyrmak mümkinçiligine serediler. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyçlaryny jemgyýetiň giňden goldamagy ýurdumyzyň raýatlarynyň ekologiýa düşünjesini kemala getirmek, tebigata, daşky gurşawa, haýwanat dünýäsine aýawly garamak boýunça geçirilýän üstünlikli işleriň aýdyň netijesi bolup durýar.

Soňky habarlar
13.04
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 57 million 883 müň dollaryndan gowrak boldy
12.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow: — Biziň esasy maksadymyz halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmekden ybaratdyr
11.04
Türkmenistanyň Mejlisiniň maslahaty
11.04
Gahryman Arkadagymyz Awstriýa Respublikasynyň Federal Prezidenti bilen duşuşdy
11.04
Gahryman Arkadagymyz Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy
11.04
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Energetika we howa boýunça halkara Wena forumyndaky çykyşy
11.04
Gahryman Arkadagymyz UNIDO-nyň Baş direktory bilen duşuşdy
11.04
Gahryman Arkadagymyz AEHA-nyň Baş direktory bilen duşuşdy
11.04
Türkmenistan ählumumy tagallalary birleşdirmäge goşant goşýar
11.04
Gahryman Arkadagymyzyň Awstriýa Respublikasyna saparynyň çäklerinde köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bilen söhbetdeşligi
top-arrow