Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Türkmenistanyň Pekindäki Ilçihanasy birinji Hazar ykdysady forumy bilen tanyşdyryş çäresini geçirdi
Jemgyýet
Türkmenistanyň Pekindäki Ilçihanasy birinji Hazar ykdysady forumy bilen tanyşdyryş çäresini geçirdi
Çap edildi 19.03.2019
1745

18-nji martda Türkmenistanyň HHR-daky Ilçihanasy Pekindäki Hytaýyň nebit uniwersitetinde birinji Hazar ykdysady forumy, Türkmenistanyň GDA we AHEHG başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasy bilen tanyşdyryş çäresini, şeýle hem Halkara Nowruz baýramy mynasybetli dabara geçirdi. Ýokary okuw mekdebiniň rektoratynyň ýardam bermeginde gurnalan çärä 300-den gowrak adam, şol sanda professor-mugallymlar düzümi, hytaýly we türkmen talyplary, şeýle hem jemgyýetçilik we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Dabarada Türkmenistanyň Hytaýdaky ilçisi Parahat Durdyýew çykyş edip, ýygnananlary Halkara Nowruz baýramy bilen gutlady we ýurdumyzda onuň baýramçylyk däpleri barada gürrüň berdi. Türkmenistanyň diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy türkmen Lideriniň BMG-nyň belent münberinden beýan eden we sebit hem-de ählumumy ähmiýetli wajyp meseleleri çözmäge gönükdirilen halkara başlangyçlary barada jikme-jik gürrüň berdi. Soňra ilçi birinji Hazar ykdysady forumy bilen tanyşdyryş çäresini geçirdi, ol 2019-njy ýylyň 12-nji awgustynda “Awaza” Milli syýahatçylyk zolagynda geçiriler. Bellenilişi ýaly, döwlet Baştutanynyň Kararyna laýyklykda oňa taýýarlygyň çäklerinde guramaçylyk komitei döredildi we forumy geçirmegiň konsepsiýasy işlenilip taýýarlanyldy. Şeýle hem çärä gatnaşanlaryň ünsi duşuşygyň meýdançasynda söwda-ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygyny giňeltmäge gönükdirilen çäreleriň çäklerinde çäreleri geçirmek boýunça meýilnamalara çekildi. Türkmenistanyň 2019-njy ýylda GDA başlyklyk etmeginiň ugurlary barada gürrüň berende ilçi döwletleriň arasyndaky ynanyşmagy berkitmegiň, durnuklylygy we howpsuzlygy saklap galmagyň, syýasy-diplomatik özara hereketi güýçlendirmegiň, GDA-nyň halkara guramalary, şol sanda BMG we ÝeHHG bilen hyzmatdaşlygynyň derejesini ýokarlandyrmagy, Arkalaşygyň çäklerinde söwda-ykdysady hem-de ynsanperwer hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek üçin şertleri kemala getirmegiň ileri tutulýan maksatlardygyny belledi. Ilçiniň aýtmagyna görä, Türkmenistan AHEHG başlyklyk etmeginiň ikinji ýylynda Aral sebitinde durmuş-ykdysady we ekologiýa ýagdaýy gowulandyrmagyň, suw serişdelerinden rejeli peýdalanmagyň we daşky gurşawy goramagyň meseleleri, şeýle hem BMG-nyň Suw strategiýasyny kabul etmeginiň esasy hökmünde Merkezi Aziýa suw strategiýasyny işläp taýýarlamakda Aral deňzi töwereginiň ýurtlarynyň hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmäge hemmetaraplaýyn ýardam etmegi göz öňünde tutýar. Duşuşykda şeýle hem Hytaýyň nebit uniwersitetiniň rektory professor Çžan Laýbin çykyş edip, türkmen-hytaý özara hereketiniň, hususan-da ylym-bilim uylgamyndaky özara hereketiniň ösüşine ýokary baha berdi. Duşuşygyň tematikasy bieln baglanşyklylykda birinji Hazar ykdysady forumyna, Halkara Nowruz baýramyna, şeýle hem Türkmenistanyň syýahatçylyk mümkinçiligine bagyşlanan wideoşekiller görkezildi. Dabaranyň aýdym-sazly böleginde joşgunly küştdepdi ýerine ýetirildi.

Soňky habarlar
13.04
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 57 million 883 müň dollaryndan gowrak boldy
12.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow: — Biziň esasy maksadymyz halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmekden ybaratdyr
11.04
Türkmenistanyň Mejlisiniň maslahaty
11.04
Gahryman Arkadagymyz Awstriýa Respublikasynyň Federal Prezidenti bilen duşuşdy
11.04
Gahryman Arkadagymyz Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy
11.04
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Energetika we howa boýunça halkara Wena forumyndaky çykyşy
11.04
Gahryman Arkadagymyz UNIDO-nyň Baş direktory bilen duşuşdy
11.04
Gahryman Arkadagymyz AEHA-nyň Baş direktory bilen duşuşdy
11.04
Türkmenistan ählumumy tagallalary birleşdirmäge goşant goşýar
11.04
Gahryman Arkadagymyzyň Awstriýa Respublikasyna saparynyň çäklerinde köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bilen söhbetdeşligi
top-arrow