Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Türkmen halkynyň belent ruhy däplerine eýerip
Jemgyýet
Türkmen halkynyň belent ruhy däplerine eýerip
Çap edildi 30.08.2019
1538

30-njy awgustda ýurdumyzyň dindarlarynyň maslahaty geçirildi. Oňa welaýatlardan we Aşgabat şäherinden din işgärleri, il sylagly ýaşulular gatnaşdylar. Maslahatda çykyş edenler milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwlet-dini gatnaşyklary syýasatynyň ynsanperwer ýörelgeleri esasynda mähriban halkymyzyň milli özboluşlylygyny kepillendirýän we türkmen halkynyň dünýä medeniýetinde möhüm orun eýeleýän milli ýörelgeleri, asyrlar aşyp gelýän ýagşy ynsanperwer dessurlarymyzyň jemgyýetimiziň ruhy taýdan sagdyn ösmegine täsiri barada aýtdylar. Duşuşyga gatnaşyjylar yslamyň esasy sütünleriniň biri bolan haj parzyny berjaý etmek ugrunda ýokary derejeli şertleriň döredilýändigi üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyklaryny beýan etdiler. Şeýle hem maslahatyň dowamynda guramaçylyk meselelerine garaldy. Bu ugurda wezipeleriň ýerlerini üýtgetmek ýörelgesine eýerilip, Türkmenistanyň müftüsi wezipesine Lebap welaýatynyň baş ymamy Ý.Hojagulyýew geçirildi. Şunlukda, Lebap welaýatynyň baş ymamy wezipesine Ahal welaýatynyň baş ymamy W.Işangulyýew geçirildi. Şeýle hem Ahal welaýatynyň baş ymamy wezipesine Gökdepe etrabynyň baş ymamy T.Jemşidow geçirildi. Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşanlar döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa türkmen halkynyň ruhy-ahlak gymmatlyklaryny giňden wagyz etmekde, parasatly ata-babalarymyzdan dowam edip gelýän asylly däp-dessurlarymyzyň esasynda ösüp gelýän ýaş nesilleri terbiýelemekde mundan beýläk-de güýçlerini gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.

Soňky habarlar
12.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow: — Biziň esasy maksadymyz halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmekden ybaratdyr
11.04
Türkmenistanyň Mejlisiniň maslahaty
11.04
Gahryman Arkadagymyz Awstriýa Respublikasynyň Federal Prezidenti bilen duşuşdy
11.04
Gahryman Arkadagymyz Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy
11.04
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Energetika we howa boýunça halkara Wena forumyndaky çykyşy
11.04
Gahryman Arkadagymyz UNIDO-nyň Baş direktory bilen duşuşdy
11.04
Gahryman Arkadagymyz AEHA-nyň Baş direktory bilen duşuşdy
11.04
Türkmenistan ählumumy tagallalary birleşdirmäge goşant goşýar
11.04
Gahryman Arkadagymyzyň Awstriýa Respublikasyna saparynyň çäklerinde köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bilen söhbetdeşligi
10.04
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisi
top-arrow