Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edilenlere pasportlar gowşuryldy
Jemgyýet
Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edilenlere pasportlar gowşuryldy
Çap edildi 26.09.2019
1577

Şu gün Döwlet migrasiýa gullugynyň maslahatlar zalynda Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edilen adamlara pasportlary gowşurmak dabarasy boldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 20-nji sentýabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Türkmenistanyň raýatlygyna 863 adamy kabul etmek hakynda Permana gol çekdi. Şu dabara ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, Türkmenistanda işleýän halkara guramalarynyň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýaşulular gatnaşdylar. Dabara gatnaşyjylaryň çykyşlarynda apatridleriň meselelerini çözmäge berýän uly ünsi, olaryň abadan durmuşy üçin hemme şertleriň döredilýändigi üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirildi. Dabarada BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary Komissarynyň müdiriýetiniň Merkezi Aziýa boýunça sebit edarasynyň baştutany Ýasuko Oda, BMG-niň Baş sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýada Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň baştutany Natalýa German, BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Ýelena Panowa raýatsyzlyk meseleleriniň çözülmeginde Türkmenistanyň saldamly goşandyny bellediler. Ýurdumyzyň görkezýän nusgasy diňe bir Merkezi Aziýa sebiti üçin däl, eýsem, bütin dünýä üçin hem möhümdir. Hut şular barada şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary Komissary Filippo Grandiden gelip gowşan hatda hem nygtaldy. Ol öz hatynda Merkezi Aziýada we dünýä derejesinde raýatsyzlyk meselesiniň çözülmeginde öňdäki orny eýelemegi dowam edýän Türkmenistanyň alyp barýan işi üçin hoşallygyny beýan etdi. Ynsanperwer ugur Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň düzüm bölekleriniň biridir. Ýurdumyz sebitde ilkinjileriň hatarynda bu meselä örän uly üns berip başlady. Bosgunlar we raýatlygy bolmadyk adamlar baradaky meseleleriň çözülmegine halkara tagallalarynyň birleşdirilmegi talap edilýär. Garaşsyzlyk ýyllarynda 23 müňe golaý (22 müň 930) adam Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edildi. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen raýatlygy bolmadyk adamlara goldaw bermek we bu ýagdaýyň öňüni almaga degişli kepillikleri üpjün etmek üçin 2018 — 2024-nji ýyllarda raýatsyzlygy ýok etmek boýunça hereketleriň milli meýilnamasy işlenip taýýarlanyldy. Mahlasy, bu waka ýurdumyzyň halkara hukugynyň umumy kabul edilen kadalaryna, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan öňe sürülýän sebit we dünýä derejeli ynsanperwer başlangyçlary ösdürmäge hemişe ygrarlydygyny ýene-de bir gezek tassyklady.

Soňky habarlar
12.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow: — Biziň esasy maksadymyz halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmekden ybaratdyr
11.04
Türkmenistanyň Mejlisiniň maslahaty
11.04
Gahryman Arkadagymyz Awstriýa Respublikasynyň Federal Prezidenti bilen duşuşdy
11.04
Gahryman Arkadagymyz Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy
11.04
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Energetika we howa boýunça halkara Wena forumyndaky çykyşy
11.04
Gahryman Arkadagymyz UNIDO-nyň Baş direktory bilen duşuşdy
11.04
Gahryman Arkadagymyz AEHA-nyň Baş direktory bilen duşuşdy
11.04
Türkmenistan ählumumy tagallalary birleşdirmäge goşant goşýar
11.04
Gahryman Arkadagymyzyň Awstriýa Respublikasyna saparynyň çäklerinde köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bilen söhbetdeşligi
10.04
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisi
top-arrow