Baş sahypa
\
Resmi
\
Resmi habarlar 4-nji Awgust
Resmi
Resmi habarlar 4-nji Awgust
Çap edildi 04.08.2015
1911

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, türkmen wekiliýeti Türkmenistanyň doganlyk owgan halkyna saglygy goraýşy ösdürmekde ynsanperwer kömegini bermek maksady bilen, Owganystan Yslam Respublikasynyň Hyrat welaýatynyň Turgundy şäherçesinde guruljak 20 orunlyk çaga dogrulýan öýüň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşmak üçin, 2015-nji ýylyň 5-nji awgustynda Owganystan Yslam Respublikasynda gulluk iş saparynda bolar. *** Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň düzüminde düzgün-nyzamyň gowşamagyna ýol berendigi üçin, Türkmenistanyň goranmak ministri, general-maýor Gündogdyýew Begenç Ataýewiçe berk käýinç yglan edildi.

Soňky habarlar
26.04
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
26.04
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň atşynaslaryna, bedew janköýerlerine we ähli halkyna
26.04
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
25.04
Türkmenistanyň Prezidenti Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçirilen dabaralara gatnaşdy
25.04
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi
24.04
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
24.04
B.A.Baýramow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
B.S.Çungaýew hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
M.S.Saryýew hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
A.R.Gurbanow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
top-arrow