Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Watanymyzyň sebitlerindäki dabaraly açylyşlar
Jemgyýet
Watanymyzyň sebitlerindäki dabaraly açylyşlar
Çap edildi 25.10.2019
1606

Şu gün Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje adyndaky etrabynyň Päkize obasynda durky täzelenen täze iki gatly Saglyk öýüniň açylyş dabarasy boldy. Oňa welaýat we etrap häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular we ýaşlar gatnaşdylar. Täze bina hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň saglyk ulgamyny yzygiderli döwrebaplaşdyrmak boýunça öňde goýýan möhüm wezipeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasy boldy. Ýygnananlar döwlet Baştutanymyza halkyň saglygy, ilatyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagy ugrunda edýän yzygiderli aladasy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň gurluşyk kärhanasynyň gurluşykçylary tarapyndan gurlan binada bellige alyş bölümi, dermanhana, gündizki stasionar, maşgala lukmanlarynyň, ginekologlaryň otaglary, stomatologiýa, flýurografiýa, rentgen, EKG, ultra sesli bejeriş otaglary we beýlekiler ýerleşýär. Oba saglyk merkeziniň dünýäniň belli öndürijileri tarapyndan öndürilen enjamlar bilen enjamlaşdyrylmagy hyzmatlaryň hiliniň ýokarlandyrylmagyny üpjün etmäge, ilata hödürlenýän lukmançylyk hyzmatlarynyň görnüşlerini giňeltmäge ýardam eder. Gurluşyk işleriniň barşynda ýokary ulanyş häsiýetnamalary hem-de ekologiýa taýdan ygtybarlylygy bilen tapawutlanýan häzirki zaman gurluşyk serişdeleri peýdalanyldy. Mundan başga-da, inžener-tehniki kommunikasiýalar döwrebaplaşdyryldy, ýyladyş binasy guruldy, ýanaşyk çäkler abadanlaşdyryldy hem-de täze yşyklandyryş ulgamy çekildi. Açylyş dabarasynda has tapawutlanan gurluşykçylara gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Soňky ýyllarda welaýatyň oba ýerlerinde — Görogly etrabynyň Ýagtylyk, Gubadag etrabynyň Gökçäge, Gurbansoltan eje adyndaky etrabynyň Nurmuhammet Andalyp adyndaky geňeşliklerinde we beýleki ýerlerde saglyk öýleriniň ençemesiniň durky täzelendi. Şol bir wagtyň özünde oba ýerlerinde täze gurlan saglyk öýleriniň sany hem artýar. Muňa Köneürgenç etrabynyň Täze ýol , S.A. Nyýazow adyndaky etrabynyň J.Hudaýbergenow adyndaky hem-de Asudalyk geňeşliklerinde we oba ýerlerinde gurlan beýleki täze saglyk öýlerini mysal görkezmek bolar. Umuman, şu günki guralan dabaralar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Döwlet adam üçindir!” şygarynda öz beýanyny tapan durmuş ugurly strategiýasynyň yzygiderli hem-de üýtgewsiz durmuşa geçirilýändigini nobatdaky gezek tassyklady.

Soňky habarlar
12.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow: — Biziň esasy maksadymyz halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmekden ybaratdyr
11.04
Türkmenistanyň Mejlisiniň maslahaty
11.04
Gahryman Arkadagymyz Awstriýa Respublikasynyň Federal Prezidenti bilen duşuşdy
11.04
Gahryman Arkadagymyz Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy
11.04
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Energetika we howa boýunça halkara Wena forumyndaky çykyşy
11.04
Gahryman Arkadagymyz UNIDO-nyň Baş direktory bilen duşuşdy
11.04
Gahryman Arkadagymyz AEHA-nyň Baş direktory bilen duşuşdy
11.04
Türkmenistan ählumumy tagallalary birleşdirmäge goşant goşýar
11.04
Gahryman Arkadagymyzyň Awstriýa Respublikasyna saparynyň çäklerinde köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bilen söhbetdeşligi
10.04
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisi
top-arrow