Baş sahypa
\
Resmi
\
Resmi habarlar 10-nji Awgust
Resmi
Resmi habarlar 10-nji Awgust
Çap edildi 10.08.2015
1868

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda alnyp barylýan uzakmöhletleýin, geljegi nazarlaýan ekologiýa syýasatyny halkara jemgyýetçiligine giňden ýaýmak hem-de Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak boýunça ekologiýa howpsuzlygyny we durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen halkara gatnaşyklaryny berkitmek we giňeltmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda 2015-nji ýylyň 12-nji awgustynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Hazar deňziniň gününi dabaraly bellemek hem-de bu çäräniň çäklerinde ylmy-amaly maslahaty, sport we medeni çäreleri, fotosuratçylaryň bäsleşigini, şeýle hem çagalaryň arasynda amaly-haşam sungaty boýunça bäsleşigi geçirmek bellenildi. Türkmenistanyň Tebigaty goramak ministrligine, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligine, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Hazar deňziniň meseleleri boýunça döwlet kärhanasyna we Balkan welaýatynyň häkimligine Hazar deňziniň güni mynasybetli geçiriljek çäreleri talabalaýyk guramagy we geçirmegi üpjün etmek tabşyryldy. *** Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Lebap welaýatynyň Garaşsyzlyk etrabynyň häkiminiň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmek Lebap welaýatynyň Garaşsyzlyk etrabynyň häkiminiň orunbasary Şöhrat Muradowiç Jepbarowyň üstüne ýüklenildi. *** Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň häkiminiň orunbasary Batyr Sapargulyýewiç Ibragimow Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň häkiminiň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmekden boşadyldy. *** Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Döwran Ärnepesowiç Mämmedow Lebap welaýatynyň Birata etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildi. *** Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Serdar Myratdurdyýewiç Amandurdyýew Balkan welaýatynyň Serdar etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildi.

Soňky habarlar
26.04
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
26.04
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň atşynaslaryna, bedew janköýerlerine we ähli halkyna
26.04
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
25.04
Türkmenistanyň Prezidenti Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçirilen dabaralara gatnaşdy
25.04
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi
24.04
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
24.04
B.A.Baýramow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
B.S.Çungaýew hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
M.S.Saryýew hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
A.R.Gurbanow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
top-arrow