Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Milli Liderimiziň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitaby arap dilinde neşir edildI
Jemgyýet
Milli Liderimiziň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitaby arap dilinde neşir edildI
Çap edildi 03.12.2019
2283

Şu gün Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň maslahatlar zalynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýen kitabynyň ikinji jildiniň arap dilinde çykan neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Dabara Saud Arabystanynyň Ylmy aragatnaşyk we gözlegler merkeziniň wekilleri, Türkmenistanyň Patyşalykdaky diplomatik ulgamynyň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlar düzümi, ýurdumyzyň Ylymlar akademiýasynyň işgärleri, syýasatşynaslar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem-de talyp ýaşlar gatnaşdylar. Milli Liderimiziň kitaby ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň okyjylarynyň arasynda uly meşhurlyga eýe boldy. Yklymyň iki bölegini birleşdiren, söwda ýoly hökmünde däl-de, eýsem, taryhy-medeni hakykat hökmünde hem Beýik Ýüpek ýolunyň täsinligini açyp görkezýän eserde türkmen halkynyň taryhy ýoluna hem-de dünýäniň ylmy, ykdysady we medeni ösüşine goşan çäksiz goşandyna anyk baha berilýär. Tanyşdyryş dabarasynda çykyş eden Saud Arabystanynyň Ylmy aragatnaşyk we gözlegler merkeziniň başlygy, professor Ýahýa bin Mahmud Junaid bu kitabyň ylmy toparlar üçin hem gyzyklanma döredýän ýöriteleşdirilen neşirdigini belledi. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň işi, Beýik Ýüpek ýoly barada bolşy ýaly, Türkmenistanyň geostrategik ýagdaýy, sebitiň tutuş ösüşi, ynsany gurşap alan dünýä bilen özara gatnaşygy barada anyk maglumatlaryň egsilmez çeşmesi bolup durýar. Türkmenistan häzir asyrlaryň örän baý gymmatlygyny aýawly saklaýar hem-de oňa sarpa goýýar. Kitabyň arap diline terjime edilmegi ony arap dünýäsiniň örän köp sanly okyjylary üçin hem açýar. Olar üçin indi türkmen halkynyň baý taryhy we täsin medeniýeti hem-de ruhy gymmatlyklary barada bilimlerini artdyrmaga ajaýyp mümkinçilik döredilýär. Täze neşiriň çapdan çykmagy türkmen-arap gatnaşyklarynyň taryhynda möhüm wakadyr. Soňky ýyllarda iki halkyň dostlugynyň we özara düşünişmeginiň pugtalandyrylmagyna ýardam berýän ynsanperwer gatnaşyklar işjeň ösdürilýär, ylym hem-de bilim, medeniýet we syýahatçylyk ulgamlarynda biziň ýurtlarymyzyň aragatnaşygy giňelýär. Şu ýylyň aprelinde Aşgabatda hem-de Maryda guralan Saud Arabystany Patyşalygynyň Medeniýet günleri muňa şaýatlyk edýär. Medeniýet günleri halkymyzy dostlukly ýurduň köptaraply medeniýeti, aýdym-saz däpleri we aýratynlyklary bilen tanyşdyrdy. Ýurdumyzyň alymlary hem ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň esasynda işjeň hyzmatdaşlyk edýärler. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň wekilleri maslahatlara gatnaşmak, tejribe alyşmak hem-de özara gatnaşyklary berkitmek üçin Saud Arabystanynda yzygiderli bolýarlar. Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde arap diliniň öwrenilmegi bilim ulgamynda üstünlikli hyzmatdaşlygyň aýdyň subutnamasydyr. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýen kitabynyň ikinji jildiniň täze neşiriniň ylym we medeni gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine, taryhlary asyrlaryň jümmüşine uzap gidýän iki dostlukly halkyň arasynda özara düşünişmäge we ynanyşmaga ýardam berjekdigi şübhesizdir.

Soňky habarlar
12.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow: — Biziň esasy maksadymyz halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmekden ybaratdyr
11.04
Türkmenistanyň Mejlisiniň maslahaty
11.04
Gahryman Arkadagymyz Awstriýa Respublikasynyň Federal Prezidenti bilen duşuşdy
11.04
Gahryman Arkadagymyz Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy
11.04
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Energetika we howa boýunça halkara Wena forumyndaky çykyşy
11.04
Gahryman Arkadagymyz UNIDO-nyň Baş direktory bilen duşuşdy
11.04
Gahryman Arkadagymyz AEHA-nyň Baş direktory bilen duşuşdy
11.04
Türkmenistan ählumumy tagallalary birleşdirmäge goşant goşýar
11.04
Gahryman Arkadagymyzyň Awstriýa Respublikasyna saparynyň çäklerinde köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bilen söhbetdeşligi
10.04
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisi
top-arrow