Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Halypa çapyksuwarlaryň arasynda bäsleşigiň ýeňijisine döwlet Baştutanynyň adyndan gymmatly sowgat gowşuryldy
Jemgyýet
Halypa çapyksuwarlaryň arasynda bäsleşigiň ýeňijisine döwlet Baştutanynyň adyndan gymmatly sowgat gowşuryldy
Çap edildi 23.04.2020
1654

Lebap atçylyk sport toplumynda ýurdumyzyň halypa çapyksuwarlarynyň arasynda geçirilen ýaryşda Täçmyrat Dowulbaýew Perhat atly bedewde ýeňiş gazandy. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Buýrugyna laýyklykda, Türkmen bedewiniň milli baýramyna bagyşlanyp geçirilen uly ýaşly çapyksuwarlaryň arasynda ýaryşyň ýeňijisine gymmatly baýrak – awtomobil gowşuryldy. Täçmyrat Dowulbaýew we onuň gara dor aty Perhat Daşoguz atçylyk sport toplumyndandyr. Çapyksuwaryň başarjaň, oýlanşykly hereketleri bilen sazlaşykly çapan bedew ýakyn bäsdeşinden birneme öňe saýlanyp ýeňiş gazandy. At çapyşygy atlary synagdan geçirmegiň hem-de olaryň ýyndamlygyny ösdürmegiň usuly hökmünde ulanylyp gelinýän türkmenlerde şüweleňli atçylyk sportydyr. Aýratynam tejribeli halypalaryň bäsleşigine tomaşa etmek gyzykly, çünki olaryň tejribesi, parasatlylygy çapyksuwarlaryň ýeňişe mümkinçiligini deňleşdirýär. Şeýle bolsa-da, olarda gaýduwsyzlykdyr hyjuw ýaşlaryňkydan pes däl. Türkmenler hemişe halypa sarpa goýupdyrlar, olar asyrlarboýy at seýislemekde we çapyksuwar taýýarlamakda ata-baba gelýän tejribäni ýaşlara öwredipdirler. Häzirki wagtda-da, ençeme ýyl mundan ozal bolşy ýaly, halypalar ýüwrük bedewleri çapýarlar. Türkmenabadyň atçylyk sport toplumyna at çapyşygyna tomaşa etmäge gelenler hem muňa göz ýetirendirler.

Soňky habarlar
11.04
Türkmenistan ählumumy tagallalary birleşdirmäge goşant goşýar
11.04
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Energetika we howa boýunça halkara Wena forumyndaky ÇYKYŞY
11.04
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Awstriýa Respublikasyna saparynyň çäklerinde ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bilen söhbetdeşligi
11.04
Gahryman Arkadagymyz MAGATE-niň Baş direktory bilen duşuşdy
11.04
Gahryman Arkadagymyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary bilen duşuşygy
11.04
Gahryman Arkadagymyz UNIDO-nyň Baş direktory bilen duşuşdy
11.04
Gahryman Arkadagymyz Awstriýa Respublikasynyň Federal Prezidenti bilen duşuşdy
11.04
Türkmenistanyň Mejlisiniň maslahaty
10.04
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisi
10.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň jemleýji tapgyrynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy
top-arrow