Baş sahypa
\
Resmi
\
Resmi habarlar 28-nji Awgust
Resmi
Resmi habarlar 28-nji Awgust
Çap edildi 28.08.2015
1902

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň sport ulgamynda ýetilen sepgitler bilen dünýä jemgyýetçiligini tanyşdyrmak, 2017-nji ýylda Aşgabat şäherinde geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek hem-de 2015-nji ýylda Aşgabat şäherinde Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň 34-nji Baş Assambleýasyny ýokary derejede we guramaçylykly geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligine, V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky ýerine ýetiriji komitete, Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komitetine Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komiteti bilen bilelikde 2015-nji ýylyň 13-17-nji sentýabry aralygynda Aşgabat şäherinde Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň 34-nji Baş Assambleýasynyň ýokary derejede we guramaçylykly geçirilmegini üpjün etmek tabşyryldy. *** Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Hökümetiniň we Owganystan Yslam Respublikasynyň Wagtlaýyn Administrasiýasynyň arasynda Elektroenergetika babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda 2002-nji ýylyň 7-nji martynda baglaşylan Ylalaşygy ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Energetika ministrligine Türkmenistandan Owganystan Yslam Respublikasyna elektrik energiýasyny ibermek barada Türkmenistanyň Energetika ministrligi bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň Energetika we suw hojalyk ministrliginiň arasynda 2002-nji ýylyň 7-nji martynda baglaşylan şertnamalaryň möhletlerini 2017-nji ýylyň 31-nji dekabryna çenli uzaltmak barada goşmaça ylalaşyklary baglaşmaga ygtyýar berildi.

Soňky habarlar
26.04
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
26.04
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň atşynaslaryna, bedew janköýerlerine we ähli halkyna
26.04
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
25.04
Türkmenistanyň Prezidenti Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçirilen dabaralara gatnaşdy
25.04
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi
24.04
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
24.04
B.A.Baýramow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
B.S.Çungaýew hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
M.S.Saryýew hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
A.R.Gurbanow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
top-arrow