Baş sahypa
\
Resmi
\
Resmi habarlar 14-nji Oktýabr
Resmi
Resmi habarlar 14-nji Oktýabr
Çap edildi 14.10.2016
2097

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Batyr Gurbanmyradowiç Niýazliýew başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary wezipesinden boşadyldy. *** Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak, maýyplygy bolan raýatlaryň zähmet çekmäge hukuklarynyň amala aşyrylmagy üçin mümkinçilikleri we şertleri döretmek, olaryň iş bilen üpjünçiliginiň derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, maýyplygy bolan adamlaryň zähmet we iş üpjünçilik çygryndaky hukuklarynyň Türkmenistanda doly durmuşa geçirilmegini üpjün etmek üçin 2017-2020-nji ýyllarda amala aşyrylmaly çäreleriň Meýilnamasy tassyklanyldy. Ministrliklere, pudak edaralaryna, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimliklerine Meýilnamada göz öňünde tutulan çäreleriň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.

Soňky habarlar
26.04
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
26.04
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň atşynaslaryna, bedew janköýerlerine we ähli halkyna
26.04
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
25.04
Türkmenistanyň Prezidenti Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçirilen dabaralara gatnaşdy
25.04
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi
24.04
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
24.04
B.A.Baýramow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
B.S.Çungaýew hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
M.S.Saryýew hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
A.R.Gurbanow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
top-arrow