Baş sahypa
\
Resmi
\
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň «Zenan kalby» ordeni bilen sylaglamak hakynda Permany
Resmi
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň «Zenan kalby» ordeni bilen sylaglamak hakynda Permany
Çap edildi 25.09.2021
3137

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynda buýsandyryjy netijeler gazanylýar. Bitarap döwletimiziň her güni zähmet ýeňişleri bilen şöhratlanýar. Ata Watanymyzy hemmetaraplaýyn ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamalar üstünlikli amala aşyrylýar. Alnyp barylýan bu beýik işlere zähmetsöýer zenanlarymyz işjeň gatnaşýarlar. Olar ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda yhlas bilen zähmet çekip, berkarar Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly baýramyny mynasyp garşylaýarlar, ýurdumyzda agzybirligi we jebisligi has-da berkitmäge uly goşant goşýarlar. 

Eziz enelerimiz ýurdumyzyň jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşyp, ogul-gyzlaryna, agtyk-çowluklaryna mynasyp edep-terbiýe bermekde, sowatly, giň gözýetimli, watançy, zähmetsöýer nesilleri kemala getirmekde, sagdyn durmuş kadalaryny ornaşdyrmakda bahasyna ýetip bolmajak işleri bitirýärler. Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň alyp barýan içeri hem-de daşary syýasatyny wagyz etmekde we durmuşa geçirmekde hem mähriban zenanlarymyzyň bitirýän hyzmatlary hormata mynasypdyr. 

Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny, özygtyýarlylygyny we hemişelik bitaraplyk hukuk ýagdaýyny berkitmäge, türkmen jemgyýetiniň hem-de her bir maşgalanyň agzybirligini, bitewüligini we ahlak sütünlerini pugtalandyrmaga, türkmen halkynyň ruhy başlangyçlarynyň we däpleriniň yzygiderliligini üpjün etmäge goşan uly şahsy goşantlary, ösüp gelýän ýaş nesli okatmakda, ýaşlary türkmen halkynyň milli gymmatlyklaryna, taryhy mirasyna, gadymy däp-dessurlaryna we adatlaryna hormat goýmak duýgusynda, watançylyk, zähmetsöýerlik, edermenlik we mertlik häsiýetlerinde terbiýelemekde bitiren hyzmatlary üçin, aýratyn önjeýli jemgyýetçilik işlerini nazara alyp, şeýle hem hemişelik Bitarap Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli, karar edýärin: 

Ýurdumyzyň şu raýatlaryny 

Türkmenistanyň «Zenan kalby» ordeni bilen sylaglamaly:

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Aşgabat şäherindäki 67-nji orta mekdebiniň mugallymy Nartäç Muhammetnazarowany,

Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň Bäherden şäher Geňeşiniň hünärmeni Orazbike Pirmuhammedowany,

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Balkan welaýat medeniýet merkeziniň işçisi Gözel Hudaýberdiýewany,

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherindäki 20-nji orta mekdebiniň mugallymy Eneş Atabaýewany,

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Lebap welaýatynyň Döwletli etrabyndaky 30-njy orta mekdebiniň mugallymy Rozygül Altyýewna Ýalkapowany,

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Mary welaýatynyň Mary etrabyndaky 2-nji orta mekdebiniň müdiriniň okuw işleri boýunça orunbasary Aksoltan Öwezberdiýewna Baýramowany.

Türkmenistanyň Prezidenti 

Gurbanguly Berdimuhamedow.

Aşgabat şäheri. 2021-nji ýylyň 25-nji sentýabry.

Soňky habarlar
23.04
Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ady dakmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
23.04
Ahalteke bedewleri — dünýä atşynaslygynyň naýbaşy nusgasy
23.04
Türkmenistanyň medeni mirasy — umumadamzat gymmatlyklarynyň hazynasynyň aýrylmaz bölegi
22.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna iş sapary tamamlandy
22.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Sebitleýin ekologiýa sammitindäki çykyşy
22.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisindäki çykyşy
21.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna iş sapary başlandy
21.04
Watanymyzyň rowaçlygy we giň halkara hyzmatdaşlyk — döwlet syýasatynyň baş maksady
21.04
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň gurluşygynyň barşy we taýýarlanan taslamalar bilen tanyşdy
20.04
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
top-arrow