Baş sahypa
\
Resmi
\
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglamak hakynda Permany
Resmi
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglamak hakynda Permany
Çap edildi 10.12.2021
4488

Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny pugtalandyrmakda, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmakda, ykdysadyýetiň nebitgaz, senagat, ulag, oba hojalyk, medeniýet we beýleki pudaklaryny ösdürmek boýunça döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde, önjeýli döwlet we jemgyýetçilik işlerinde uly üstünlikleri gazanandyklary üçin hem-de Garaşsyz döwletimiziň we mähriban halkymyzyň öňünde bitiren hyzmatlaryny, köp ýyllaryň dowamynda çeken yhlasly we göreldeli zähmetini nazara alyp, şeýle hem Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli, karar edýärin:

Ýurdumyzyň şu ýolbaşçylaryny Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglamaly:

Türkmenistanyň energetika ministri Hajymuhammet Saparmuhammedowiç Rejepmyradowy,

Türkmenistanyň oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministri Allanur Nurgeldiýewiç Altyýewi,

Türkmenistanyň dokma senagaty ministri Resul Şyhdurdyýewiç Rejepowy,

Türkmenistanyň medeniýet ministri Atageldi Aşyrowiç Şamyradowy,

Türkmenistanyň Döwlet ministri — «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy Batyr Amangeldiýewiç Amanowy,

«Türkmennebit» döwlet konserniniň başlygy Güýçgeldi Myradowiç Baýgeldiýewi,

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenhowaýollary» agentliginiň başlygy Döwran Reimbaýewiç Saburowy,

Aşgabat şäheriniň häkimi Rahym Nurgeldiýewiç Gandymowy.

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow.

***

Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny pugtalandyrmakda, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmakda gazanan uly üstünlikleri, milli medeniýetiň ösmegine, ýaşlary ata Watanymyza çäksiz söýgi, hormat goýmak we wepalylyk, mertlik hem-de halallyk ruhunda terbiýelemäge önjeýli goşant goşandyklary üçin hem-de Garaşsyz döwletimiziň we mähriban halkymyzyň öňünde bitiren hyzmatlaryny, köp ýyllaryň dowamynda çeken göreldeli zähmetini, şeýle hem Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde dowam edýän Bütindünýä «EKSPO — 2020» sergisinde Türkmenistanyň milli pawilýonyny hem-de Milli gününi guramaçylykly we ýokary derejede geçirmäge işjeň gatnaşyp, has-da tapawutlanandyklaryny nazara alyp, karar edýärin:

Ýurdumyzyň şu raýatlaryny Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglamaly:

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň bagşyçylyk sungaty kafedrasynyň uly mugallymy Merdankuli Nurýagdyýewiç Baýramowy,

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň türkmen sazy kafedrasynyň mugallymy Ýazberdi Gurbannepesowiç Hydyrowy,

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň türkmen sazy kafedrasynyň mugallymy Gurbanmyrat Çaryýarowiç Baýjykowy,

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň Daşary ykdysady aragatnaşyklar müdirliginiň başlygynyň orunbasary — daşary ykdysady aragatnaşyklary seljeriş bölüminiň başlygy Serdar Gurbannepesowiç Atagylyjowy,

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň düýpli gurluşyk we ulaglar bölüminiň başlygynyň orunbasary Wepa Ebabakrowiç Karaýewi,

«Tekmil» hususy kärhanasynyň direktory Şanepes Amannepesowiç Amannepesowy.

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow.

Soňky habarlar
23.04
Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ady dakmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
23.04
Ahalteke bedewleri — dünýä atşynaslygynyň naýbaşy nusgasy
23.04
Türkmenistanyň medeni mirasy — umumadamzat gymmatlyklarynyň hazynasynyň aýrylmaz bölegi
22.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna iş sapary tamamlandy
22.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Sebitleýin ekologiýa sammitindäki çykyşy
22.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisindäki çykyşy
21.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna iş sapary başlandy
21.04
Watanymyzyň rowaçlygy we giň halkara hyzmatdaşlyk — döwlet syýasatynyň baş maksady
21.04
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň gurluşygynyň barşy we taýýarlanan taslamalar bilen tanyşdy
20.04
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
top-arrow