Baş sahypa
\
Resmi
\
Parižde geçiriljek Olimpiýa we Paralimpiýa ýaryşlaryna taýýarlyk işleri
Resmi
Parižde geçiriljek Olimpiýa we Paralimpiýa ýaryşlaryna taýýarlyk işleri
Çap edildi 14.01.2022
2554

2024-nji ýylda Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde geçiriljek ХХХIII Tomusky Olimpiýa we ХVII Tomusky Paralimpiýa oýunlaryna Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlaryny taýýarlamak we olaryň gatnaşmagyny üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Sport we ýaşlar syýasaty ministrligine:

şu oýunlara Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlarynyň taýýarlygyny we olaryň gatnaşmagyny üpjün etmek;

degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde şu oýunlara Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlaryny toplumlaýyn taýýarlamak boýunça maksatnamany hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasyny işläp taýýarlamak we tassyklamak;

Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherçesinde hem-de “Awaza” sport toplumynda sportuň dürli görnüşleri boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlarynyň okuw-türgenleşik sapaklaryny we ýygnanyşyklaryny geçirmek tabşyryldy.

Içeri işler ministrligi we Aşgabat şäher häkimligi Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlarynyň okuw-türgenleşik sapaklaryny we ýygnanyşyklaryny geçirmek üçin sport maksatly desgalary hem-de binalary Sport we ýaşlar syýasaty ministrligine ulanmaga bermäge borçly edildi.

Degişli ministrliklere we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna maksatnamada we meýilnamada göz öňünde tutulan çäreleriň ýerine ýetirilmeginde Sport we ýaşlar syýasaty ministrligine ýardam bermek tabşyryldy.

Soňky habarlar
23.04
Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ady dakmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
23.04
Ahalteke bedewleri — dünýä atşynaslygynyň naýbaşy nusgasy
23.04
Türkmenistanyň medeni mirasy — umumadamzat gymmatlyklarynyň hazynasynyň aýrylmaz bölegi
22.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna iş sapary tamamlandy
22.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Sebitleýin ekologiýa sammitindäki çykyşy
22.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisindäki çykyşy
21.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna iş sapary başlandy
21.04
Watanymyzyň rowaçlygy we giň halkara hyzmatdaşlyk — döwlet syýasatynyň baş maksady
21.04
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň gurluşygynyň barşy we taýýarlanan taslamalar bilen tanyşdy
20.04
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
top-arrow