Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanda Merkezi Aziýanyň we Aýlag Hyzmatdaşlyk Geňeşiniň ýurtlarynyň Birinji maýa goýum forumyny geçirmegi teklip etdi
Ykdysadyýet
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanda Merkezi Aziýanyň we Aýlag Hyzmatdaşlyk Geňeşiniň ýurtlarynyň Birinji maýa goýum forumyny geçirmegi teklip etdi
Çap edildi 19.07.2023
1927

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Jidde şäherinde geçirilen «Merkezi Aziýa – Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşi» görnüşindäki Sammitinde eden çykyşynda Merkezi Aziýa we Aýlag ýurtlarynyň arasyndaky söwda gatnaşyklaryny ösdürmek we özara söwda dolanşygynyň möçberlerini yzygiderli artdyrmak zerur bolup durýandygyny belledi.

«Bu maksatlary amala aşyrmak üçin Merkezi Aziýanyň we Aýlag Hyzmatdaşlyk Geňeşiniň ýurtlarynyň Söwda palatasyny döretmek baradaky teklibi orta goýýarys» – diýip, döwlet Baştutanymyz teklibi öňe sürdi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň belleýşi ýaly, Maýa goýumlary babatda hyzmatdaşlyk üçin giň mümkinçlikleri görýäris we Türkmenistan ykdysadyýetiň ileri tutulýan pudaklarynda maýa goýum taslamalaryny amala aşyrmak boýunça hyzmatdaşlyga hemişe açykdyr.

«Şol sebäpli, 2024-nji ýylda Türkmenistanda Merkezi Aziýanyň we Aýlag Hyzmatdaşlyk Geňeşiniň ýurtlarynyň Birinji maýa goýum forumyny geçirmegi teklip edýäris» – diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow nygtady.

Soňky habarlar
09.04
2026-njy ýylyň marty: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
09.04
Gahryman Arkadagymyzyň Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy bilen duşuşygy
08.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow täze, döwrebap şäherçäniň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy
08.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň Ymambaba geňeşliginde täze, döwrebap şäherçäniň düýbüni tutmak dabarasyndaky ÇYKYŞY
08.04
Gahryman Arkadagymyzyň Awstriýa Respublikasyna sapary başlandy
08.04
Türkmenistanyň Prezidenti Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň saýlanan Prezidentini gutlady
08.04
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň dykgatyna
08.04
«Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň täze sany çapdan çykdy
08.04
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
07.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy
top-arrow