Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Arkadagly Serdarymyz gurluşyk we senagat toplumynyň kämilleşdirilmegini nygtady
Ykdysadyýet
Arkadagly Serdarymyz gurluşyk we senagat toplumynyň kämilleşdirilmegini nygtady
Çap edildi 24.09.2023
1801

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Halk Maslahatynyň mejlisindäki eden çykyşynda gurluşyk we senagat toplumynyň kämilleşdirilmegini nygtady.

«Gurmak we döretmek Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň esasy şygarydyr» diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Arkadagly Serdarymyzyň sözlerine görä, innowasion önümçilikleri döretmek, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini düýpli özgertmek boýunça gurluşyk we senagat toplumynda uly işler amala aşyrylýar şeýle hem ýurdumyzyň şäherleriniň we obalarynyň özgerýän keşbi ykdysady ösüşimiziň aýdyň mysalydyr.

«Biz gurluşyk senagatynyň kuwwatyny artdyrmak, bu ugurda hususy işewürligiň önümçilik binýadyny ösdürmek üçin zerur şertleri döredýäris» – diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow belledi.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, ýurdumyzda magdan däl gurluşyk materiallaryny, sementi, keramziti, gurluşyk aýnasyny öndürmekde oňyn tejribe toplandy.

«Şu ýylyň ahyryna çenli Türkmenbaşy–Farap we Aşgabat–Daşoguz awtomobil ýollarynyň, Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän köpriniň gurluşygynda 545 million 55 müň manatlyk düýpli maýa goýumlary özleşdiriler» diýip, Arkadagly Serdarymyz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiziň pikirine görä, Birleşen Milletler Guramasynyň Senagat ösüşi boýunça guramasy (UNIDO) bilen hyzmatdaşlykda ýurdumyzda senagatyň aýry-aýry ugurlaryny ösdürmeli.

«Senagat marketingini, halkara bazarlaryna çykmagyň, bäsleşige ukyplylygy ýokarlandyrmagyň, dolandyryş tejribesini kämilleşdirmegiň ugurlaryny mundan beýläk-de ösdürmegiň bilelikdäki taslamalaryny we maksatnamalaryny işläp taýýarlamaly» – diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Soňky habarlar
09.04
2026-njy ýylyň marty: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
09.04
Gahryman Arkadagymyzyň Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy bilen duşuşygy
08.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow täze, döwrebap şäherçäniň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy
08.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň Ymambaba geňeşliginde täze, döwrebap şäherçäniň düýbüni tutmak dabarasyndaky ÇYKYŞY
08.04
Gahryman Arkadagymyzyň Awstriýa Respublikasyna sapary başlandy
08.04
Türkmenistanyň Prezidenti Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň saýlanan Prezidentini gutlady
08.04
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň dykgatyna
08.04
«Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň täze sany çapdan çykdy
08.04
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
07.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy
top-arrow