Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Halk Maslahatynyň Başlygy Ýewropa ugrunyň Türkmenistanyň halkara energetika hyzmatdaşlygynyň gün tertibinde möhüm orun eýeländigini aýtdy
Ykdysadyýet
Halk Maslahatynyň Başlygy Ýewropa ugrunyň Türkmenistanyň halkara energetika hyzmatdaşlygynyň gün tertibinde möhüm orun eýeländigini aýtdy
Çap edildi 29.09.2023
1963

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ýewropa ugrunyň Türkmenistanyň halkara energetika hyzmatdaşlygynyň güntertibinde möhüm orun eýeländigini aýtdy. Bu barada Gahryman Arkadagymyz Merkezi Aziýa döwletleriniň wekiliýet Baştutanlarynyň we German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň duşuşygyndaky çykyşynda belledi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň aýdyşy ýaly, energetika Türkmenistan üçin hyzmatdaşlygyň möhüm ugrudyr, onuň düzüminde gaz we elektroenergetika pudaklary möhüm orun eýeleýär.

Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, şunda ýurdumyz gaz çykarmak boýunça kuwwatlyklaryň artdyrylmagyna, köpugurly gaz ulag düzüminiň giňeldilmegine aýratyn ähmiýet berýär we munuň özi türkmen tebigy gazynyň dünýä bazarlaryna iberilmegini üpjün etmäge ýardam berýär.

«Ýewropa ugrunyň Türkmenistanyň halkara energetika hyzmatdaşlygynyň güntertibinde möhüm orun eýeländigini we şeýle bolmagynda galýandygyny aýratyn bellemek isleýärin. Şunuň bilen baglylykda, Hazar üsti gaz geçirijisini gurmak arkaly Ýewropa ýurtlaryna gaz ibermek boýunça Türkmenistanyň eýeleýän üýtgewsiz garaýşyny tassyklaýaryn» – diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri belledi.

Halk Maslahatynyň Başlygynyň aýdyşy ýaly, soňky 15 ýylyň dowamynda köp işleri ýerine ýetirdik, Ýewropa Bileleşigi bilen yzygiderli hyzmatdaşlyk ýola goýuldy.

«Ýewropa Komissiýasynyň degişli düzümleri, Ýewropanyň aýry-aýry döwletleri hem-de kompaniýalary bilen iri halkara energetika taslamalaryny durmuşa geçirmekde işjeň gatnaşyklary dowam etmäge taýýardyrys» – diýip, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

Soňky habarlar
09.04
2026-njy ýylyň marty: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
09.04
Gahryman Arkadagymyzyň Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy bilen duşuşygy
08.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow täze, döwrebap şäherçäniň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy
08.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň Ymambaba geňeşliginde täze, döwrebap şäherçäniň düýbüni tutmak dabarasyndaky ÇYKYŞY
08.04
Gahryman Arkadagymyzyň Awstriýa Respublikasyna sapary başlandy
08.04
Türkmenistanyň Prezidenti Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň saýlanan Prezidentini gutlady
08.04
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň dykgatyna
08.04
«Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň täze sany çapdan çykdy
08.04
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
07.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy
top-arrow