Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Türkmen halkynyň Milli Lideri germaniýaly işewürlere elektroenergetika pudagynda işlemek mümkinçiligine garamagy teklip etdi
Ykdysadyýet
Türkmen halkynyň Milli Lideri germaniýaly işewürlere elektroenergetika pudagynda işlemek mümkinçiligine garamagy teklip etdi
Çap edildi 29.09.2023
1757

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Merkezi Aziýa döwletleriniň wekiliýet Baştutanlarynyň we German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň duşuşygyndaky çykyşynda germaniýaly işewürlere elektroenergetika pudagynda işlemek mümkinçiligine garamagy teklip etdi.

«Pursatdan peýdalanyp, şeýle hem germaniýaly işewürlere elektroenergetika pudagynda işlemek mümkinçiligine garamagy teklip etmek isleýärin. Elektrik stansiýalaryny gurmak we döwrebaplaşdyrmak, elektrik geçiriji ulgamlary ösdürmek we beýleki taslamalar bilelikdäki tagallalary utgaşdyrmagyň ugurlary bolup biler» – diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň aýdyşy ýaly, Türkmenistan energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri ýaly, möhüm ugruň ösdürilmegine uly üns berýär.

«Biz «ýaşyl» energetikanyň geljegiň energiýasyna düşünmek bilen häzirki wagtda milli derejede gün we ýel energiýasy ulgamynda taslamalaryň ilerledilmegine gönükdirilen çäreleriň birnäçesini geçirýäris» – diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy nygtady.

Gahryman Arkadygymyzyň belleýşi ýaly, Türkmenistnan wodorod energetikasy babatynda halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine aýratyn üns berýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri metanyň atmosfera zyňyndylaryny azaltmak, uglewodorod serişdeleriniň ýataklarynda ugurdaş gazy gaýtadan işlemek meselelerinde daşary ýurt kompaniýalary we halkara düzümleri bilen hyzmatdaşlygyň ýurdumyz üçin aýratyn möhüm ugurdygyny aýtdy.

Halk Maslahatynyň Başlygy Germaniýanyň kompaniýalarynyň toplan bilimleriniň hem-de iň gowy iş tejribeleriniň ýokarda görkezilen ugurlarda Türkmenistanda uly islege eýedigine ynanýandygyny belledi.

Soňky habarlar
09.04
2026-njy ýylyň marty: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
09.04
Gahryman Arkadagymyzyň Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy bilen duşuşygy
08.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow täze, döwrebap şäherçäniň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy
08.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň Ymambaba geňeşliginde täze, döwrebap şäherçäniň düýbüni tutmak dabarasyndaky ÇYKYŞY
08.04
Gahryman Arkadagymyzyň Awstriýa Respublikasyna sapary başlandy
08.04
Türkmenistanyň Prezidenti Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň saýlanan Prezidentini gutlady
08.04
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň dykgatyna
08.04
«Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň täze sany çapdan çykdy
08.04
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
07.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy
top-arrow