Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň gatnaşýan ulag-aragatnaşyk taslamalary barada belläp geçdi
Ykdysadyýet
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň gatnaşýan ulag-aragatnaşyk taslamalary barada belläp geçdi
Çap edildi 18.10.2023
2011

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Pekindäki «Bir guşak, bir ýol» Üçünji ýokary derejeli maslahatynyň çäklerindäki Özara baglanyşyk boýunça ýokary derejeli maslahatda eden çykyşynda Türkmenistanyň gatnaşýan ulag-aragatnaşyk taslamalary barada belläp geçdi.

Gahryman Arkadagymyz häzirki wagtda Türkmenistanyň hyzmatdaşlary bilen bilelikde Gündogar-Günbatar we Demirgazyk - Günorta ugurlary boýunça utgaşykly görnüşdäki ulag we logistika düzüminiň köp şahaly ulgamyny döredýändigini aýtdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň aýtmagyna görä, geljekde bu ulgam Hazar deňzi, Gara deňiz, Baltika deňzi sebitlerine çykýan üstaşyr geçelgeleri özüne birleşdirer. «Munuň özi Türkmenistanda ulag we kommunikasiýa ulgamlarynda iri milli taslamalary durmuşa geçirmek, Hazar deňzinde täze port infrastrukturasyny döretmek bilen baglylykda örän derwaýysdyr» diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy nygtady.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow gürrüňiň Hytaýdan Merkezi Aziýanyň çäginiň üsti bilen Hazaryň türkmen kenaryna, şeýle hem Eýrana, Ýakyn we Orta Gündogara ulag geçelgeleri barada barýandygyny belledi.

Gahryman Arkadagymyzyň bellemegine görä, bu geçelge Aziýa-Ýuwaş ummany sebitine, Merkezi Aziýa ýurtlaryna barýan ugurlarda hem ulanylyp bilner.

«Biziň tagallalarymyz ulaglaryň ähli görnüşleri, şol sanda demir we awtomobil ýollary, howa gatnawlary arkaly transkontinental daşamalaryň kuwwatyny doly açmaga, baglanyşdyryjy nokatlarda logistiki terminallary döretmäge gönükdirilendir. Türkmenbaşy Halkara deňiz porty hem şolaryň biri bolup biler. Biz hyzmatdaşlaryň bähbitlerine ulanmak üçin onuň kuwwatlyklaryny hödürlemäge taýýardyrys» diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy.

Soňky habarlar
09.04
2026-njy ýylyň marty: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
09.04
Gahryman Arkadagymyzyň Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy bilen duşuşygy
08.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow täze, döwrebap şäherçäniň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy
08.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň Ymambaba geňeşliginde täze, döwrebap şäherçäniň düýbüni tutmak dabarasyndaky ÇYKYŞY
08.04
Gahryman Arkadagymyzyň Awstriýa Respublikasyna sapary başlandy
08.04
Türkmenistanyň Prezidenti Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň saýlanan Prezidentini gutlady
08.04
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň dykgatyna
08.04
«Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň täze sany çapdan çykdy
08.04
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
07.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy
top-arrow