Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Gahryman Arkadagymyz syýasy logistikanyň wajyplygy barada aýtdy
Ykdysadyýet
Gahryman Arkadagymyz syýasy logistikanyň wajyplygy barada aýtdy
Çap edildi 18.10.2023
2413

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Pekindäki «Bir guşak, bir ýol» Üçünji ýokary derejeli maslahatynyň çäklerindäki Özara baglanyşyk boýunça ýokary derejeli maslahatda eden çykyşynda syýasy logistikanyň wajyplygy barada aýtdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri ykdysadyýetde özara arabaglanyşyk, tehnologiýalary, tejribäni we usullary halkara derejesinde alyşmak dünýä ösüşiniň obýektiw ýagdaýlary bolup durýandygyny nygtady. Gahryman Arkadagymyzyň aýdyşy ýaly, olar önümçilikde has ysnyşykly kooperasiýany, ýakynlaşmak babatdaky tehnologik we sanly binýatlaryň, bilelikdäki kommunikasiýa ulgamlarynyň döredilmegini göz öňünde tutýar.

Gahryman Arkadagymyzyň bellemegine görä, bularyň ählisi diňe bir tehniki babatda däl, eýsem, ählumumy möçberde hyzmatdaşlygyň bitewi we durnukly logistikasyny döretmäge ýardam etmelidir.

«Biziň pikirimizçe, häzirki wagtda syýasy logistika düşünjesi örän wajypdyr. Ony ykdysady ösüşiň we hyzmatdaşlygyň geljegi baradaky garaýyşlaryny we mümkinçiliklerini paýlaşýan döwletleriň özara gatnaşyklarynyň köpugurly ulgamy hökmünde görýärin» diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Soňky habarlar
09.04
2026-njy ýylyň marty: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
09.04
Gahryman Arkadagymyzyň Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy bilen duşuşygy
08.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow täze, döwrebap şäherçäniň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy
08.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň Ymambaba geňeşliginde täze, döwrebap şäherçäniň düýbüni tutmak dabarasyndaky ÇYKYŞY
08.04
Gahryman Arkadagymyzyň Awstriýa Respublikasyna sapary başlandy
08.04
Türkmenistanyň Prezidenti Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň saýlanan Prezidentini gutlady
08.04
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň dykgatyna
08.04
«Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň täze sany çapdan çykdy
08.04
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
07.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy
top-arrow