Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Türkmenistan Türkiýe Respublikasyna ylym we tehnika ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmegi teklip etdi
Ykdysadyýet
Türkmenistan Türkiýe Respublikasyna ylym we tehnika ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmegi teklip etdi
Çap edildi 26.10.2023
3605

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasyna resmi saparynyň çäklerinde Ankarada geçirilýän Türkmen-türk işewürlik maslahatynyň açylyş dabarasyndaky eden çykyşynda türk kompaniýalaryna ylym we tehnika ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmegi teklip etdi.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, bu günki şertlerde ykdysadyýetiň ösmeginde ylym we tehnikanyň orny gün-günden ýokarlanýar. Şunlukda ýurtlarymyzyň täze talaplara laýyk ösmegi we döwür bilen aýakdaş gitmegi möhüm bolup durýar.

«Şu derwaýys wezipeden ugur alyp, ylym we tehnika ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmegi teklip edýäris. Munuň çäklerinde iki ýurduň maglumat tilsimatlary pudagynda ýöriteleşdirilen kompaniýalarynyň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmagy zerur hasaplaýarys. Bu ugurlarda bilelikdäki hereketleri alyp barmaga türkmen tarapynyň taýýarlygyny beýan edýäris» diýip, Arkadagly Serdarymyz aýtdy.

Soňky habarlar
17.06
Türkmenistanyň Prezidenti Islandiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
16.06
Ösüşiň innowasion ýoly — jemgyýetiň we döwletiň rowaçlygynyň kepili
15.06
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
15.06
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygyny gutlady
15.06
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygyny gutlady
15.06
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 19 million 507 müň dollaryndan gowrak boldy
14.06
Türkmenistanyň Prezidenti Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidentini gutlady
13.06
Ýokary hünärli ýaşlar bilen serkerdeler düzüminiň hatary artýar
13.06
Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýokary okuw mekdepleriniň uçurymlaryna, serkerdelerine we professor-mugallymlaryna
12.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
top-arrow