Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Türkmenistan we Eýran ulag ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmek barada ylalaşdylar
Ykdysadyýet
Türkmenistan we Eýran ulag ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmek barada ylalaşdylar
Çap edildi 18.11.2023
3127

Şu gün paýtagtymyzda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-eýran toparynyň nobatdaky mejlisinde ulag boýunça hyzmatdaşlygyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ähmiýetli ugurlarynyň birine öwrülendigi nygtaldy.

Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demir ýolunyň gurulmagy munuň aýdyň mysalydyr. Halkara ugurlaryň hatarynda bu polat ýoly Aziýany we Ýewropany birleşdirdi hem-de diňe sebitde däl-de, eýsem, tutuş Ýewraziýa giňişliginde özara bähbitli ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin täze mümkinçilikleri açdy.

Iki ýurduň arasyndaky halkara ähmiýetli taslamalar barada gürrüň gozgalanda Tejen-Sarahs-Maşat demir ýolunyň gurluşygynyň amala aşyrylandygyny hem belläp geçmek gerek. Ol Eýranyň, Türkiýäniň, Ýakyn we Uzak Gündogaryň ulag ulgamlaryna gysga ýoly üpjün etdi.

Şunuň bilen birlikde, awtoulag ýollarynynyň gurluşyklarynyň hem möhümdigi bellärliklidir. Bu babatdaky işleriň hatarynda Etrek-Gumdag awtolulag ýolunyň-da ähmiýetlidigini bellemek gerek.

Şeýlelik-de, hökümetara toparynyň mejlisiniň jemleri boýunça birnäçe degişli resminamalara, şol sanda Mary (Türkmenistan) – Maşat (Eýran) elektrik geçirijisiniň türkmen böleginiň gurluşygynyň maliýeleşdirilmegini ýola goýmak hakynda «Türkmenenergo» döwlet elektroenergetika korporasiýasynyň, «Tawanir» kompaniýasynyň we «Sanergy Pishro Export and Energy Promotion» kompaniýasynyň arasynda Çarçuwaly Ylalaşyga, Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligi bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Ýol we şäher gurluşyk ministrliginiň arasynda «Gumdag-Etrek-Eýran serhedi» awtomobil ýoluny gurmak barada Hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnama hem-de Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-eýran toparynyň on ýedinji mejlisiniň Teswirnamasyna gol çekildi.

Soňky habarlar
17.06
Türkmenistanyň Prezidenti Islandiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
16.06
Ösüşiň innowasion ýoly — jemgyýetiň we döwletiň rowaçlygynyň kepili
15.06
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
15.06
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygyny gutlady
15.06
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygyny gutlady
15.06
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 19 million 507 müň dollaryndan gowrak boldy
14.06
Türkmenistanyň Prezidenti Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidentini gutlady
13.06
Ýokary hünärli ýaşlar bilen serkerdeler düzüminiň hatary artýar
13.06
Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýokary okuw mekdepleriniň uçurymlaryna, serkerdelerine we professor-mugallymlaryna
12.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
top-arrow