Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Türkmen-hytaý gatnaşyklaryny yzygiderli ösdürmek maksadyndan ugur alyp
Ykdysadyýet
Türkmen-hytaý gatnaşyklaryny yzygiderli ösdürmek maksadyndan ugur alyp
Çap edildi 28.05.2024
2159

Şu gün Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi A.Begliýew Hytaýyň dünýä belli “CNPC” kompaniýasynyň ýurdumyzdaky şahamçasynyň ýolbaşçysy Çen Huaýlun bilen duşuşdy. Duşuşykda gaz pudagyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Oňa Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sýan Naýçen hem gatnaşdy.

Duşuşygyň başynda taraplar Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky dost-doganlyk, özara hormat goýmak, ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan netijeli gatnaşyklary ösdürmek ugrunda tagalla edýän hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa, Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine, şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. Nygtalyşy ýaly, iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge döwlet derejesinde uly ähmiýet berilýär.

Taraplar özara bähbitli türkmen-hytaý gatnaşyklaryny dürli ugurlarda, şol sanda ýangyç-energetika pudagynda giňeltmäge taýýardyklaryny beýan etdiler. Şunda gaz pudagynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak meselesine aýratyn üns çekildi. Duşuşyga gatnaşyjylar Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda bu babatda ozal gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişiniň barşy, hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljekki mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar.

Türkmen tarapynyň wekili nebitgaz senagatynyň Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň esasy pudagydygyny, onuň ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan depginli ösüşini üpjün etmekde uly orun eýeleýändigini belledi. Uglewodorod serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýe bolan Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanda Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan işleriň netijesinde, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýangyç-energetika toplumyny innowasion taýdan ösdürmäge gönükdirilen toplumlaýyn strategiýa yzygiderli durmuşa geçirilýär. Nebitgaz toplumynyň baý kuwwatyny has netijeli peýdalanmak, öňdebaryjy tehnologiýalar we işläp taýýarlamalar esasynda ugurdaş düzümleri döwrebaplaşdyrmak möhüm wezipe bolup durýar. Şunda ekologiýa, gazyp alýan, gaýtadan işleýän pudaklaryň kuwwatyny artdyrmaga, mawy ýangyjyň daşary ýurtlara iberilýän ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmaga aýratyn ähmiýet berilýär.

Duşuşygyň dowamynda taraplar bu ugurda alnyp barylýan işleri işjeňleşdirmegiň mümkinçilikleri we hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary barada pikir alyşdylar. Şeýle-de “Galkynyş” gaz känini özleşdirmegiň ikinji tapgyryny durmuşa geçirmek boýunça meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Öňdebaryjy kompaniýalar, şol sanda Hytaýyň dünýä belli “CNPC” kompaniýasy bilen bilelikdäki işiň netijeli häsiýeti bellenildi. Daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň bu ulgamda gatnaşyklary giňeltmäge gyzyklanmalary, ilkinji nobatda, ýurdumyzyň nebitgaz toplumynda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler, dünýäniň esasy işewür toparlary bilen hyzmatdaşlygyň ýokary derejesi bilen şertlendirilendir. Şunuň bilen birlikde, geljegi uly türkmen bazarynda daşary ýurt kompaniýalarynyň netijeli işlemegi üçin amatly hukuk, maliýe-ykdysady şertleriň döredilýändigi nygtaldy.

Soňky habarlar
07.07
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
07.07
Türkmenistanyň Prezidenti Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidentine gynanç bildirdi
06.07
Durmuş-ykdysady ösüşiň üpjün edilmegi — Watanymyzyň rowaçlygynyň kepili
06.07
«Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň täze sany okyjylara ýetirildi
05.07
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz dikuçarda paýtagtymyz we Arkadag şäheri boýunça iş saparyny amala aşyrdy
05.07
Türkmenistanyň Prezidenti Wenesuela Boliwarian Respublikasynyň Prezidentini gutlady
04.07
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
04.07
Döwlet Baştutanymyz «Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyny geçirmek hakynda» Karara gol çekdi
04.07
Türkmenistanyň Prezidenti Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidentini gutlady
03.07
Jemgyýetde sanly özgertmeleri durmuşa geçirmekde ýaşlaryň orny
top-arrow