Baş sahypa
\
Medeniýet
\
Ýanwar ýynda täze ýyl dabaralaryndan hem-de ýaş zehinleriň bäsleşiklerinden ybarat wakalara baý bolar
Medeniýet
Ýanwar ýynda täze ýyl dabaralaryndan hem-de ýaş zehinleriň bäsleşiklerinden ybarat wakalara baý bolar
Çap edildi 06.01.2017
2350

Ýanwar aýy medeni wakalara baý bolar. 10-njy ýanwara çenli Söwda-senagat edarasynda, “Älem” medeni-dynç alyş merkezinde, Gökderedäki çagalar sagaldyş –dynç alyş merkezlerinde hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynda çagalaryň gatnaşmagynda Täze ýyl baýramçylyk dabaralary dowam etdiriler. Döwlet sirkinde Russiýa Federasiýasyndan gelen sirk artistleriniň çykyşlary dowam edýär. Şu aýyň medeni çäreleriniň hatarynda zehinli çagalara hem-de çagalar döredijilik toparlaryna Gulbaba adyndaky çagalar baýragynyň gowşurylyş dabarasy bar. Şeýle hem Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Türkmenistan bilen HHR-iň arasynda diplomatik gatnaşyklarynyň ýola goýulmagynyň 25 ýyllygyna bagyşlanyp, 16-njy ýanwarda Hytaýyň tans we aýdymçy toparynyň çykyşlary bolar. 27-nji ýanwarda Watan goragçylarynyň güni mynasybetli dabaralary geçiriler. Ýurdumyzyň paýtagtynda hem-de welaýatlarda bina edilen täze desgalaryň açylyş dabaralarynyň geçirilýän ýerlerinde sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda çäreler bolar.

Soňky habarlar
17.06
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ahal welaýatyna iş sapary
17.06
“Türkmennebit” döwlet konsernine Hazar deňziniň türkmen böleginde ýerleşýän ygtyýarlandyrylan toplumlary özleşdirmek boýunça şertnamany baglaşmaga ygtyýar berildi
17.06
Türkmenistan — Slowakiýa: özara bähbitli ykdysady hyzmatdaşlygy ilerledip
17.06
Türkmenistanyň Prezidenti Islandiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
16.06
Ösüşiň innowasion ýoly — jemgyýetiň we döwletiň rowaçlygynyň kepili
15.06
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
15.06
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygyny gutlady
15.06
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygyny gutlady
15.06
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 19 million 507 müň dollaryndan gowrak boldy
14.06
Türkmenistanyň Prezidenti Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidentini gutlady
top-arrow