Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
Syýasy habarlar
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
Çap edildi 28.02.2025
1846

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Mukaddes Oraza aýynyň gelmegi mynasybetli Sizi we Türkmenistanyň dostlukly halkyny tüýs ýürekden gutlaýaryn. Oraza aýy tutuş musulman ymmaty üçin mukaddes, sahawatly aý hasaplanýar. Mübärek Oraza aýy dinimiziň, hoşniýetlilik, ynsanperwerlik, rehim-şepagatlylyk, haýyr-sahawatlylyk ýaly gymmatlyklaryň dabaralanýan aýydyr. Biz halklarymyzyň bu mukaddes baýramy agzybirlikde, ylalaşyklylykda, özara düşünişmekde garşylaýandyklary üçin Beýik Biribara şükür edýäris.

Soňky ýyllarda ýurtlarymyzyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň giňelýändigine, birek-birege hormat goýmaga, ynanyşmaga esaslanýan gatnaşyklarymyzyň oňyn netijelerini berýändigine tüýs ýürekden guwanýarys.

Şu nurana, sahawatly günlerde Size hem-de ýakynlaryňyza berk jan saglyk, bagtyýarlyk, jogapkärli işiňizde uly üstünlikleri, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, ösüş, abadançylyk arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,

Şawkat Mirziýoýew,
Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Mübärek Oraza aýynyň ýetip gelmegi mynasybetli Siziň Alyhezretiňize tüýs ýürekden gutlaglarymy ýollamak bilen, Size berk jan saglyk, bagtyýarlyk arzuw edýärin. Gudraty Güýçli Allatagaladan bu mübärek aýda etjek doga-dileglerimizi kabul etmegini, ähli musulman ymmatyna bolsa rysgal-bereket eçilmegini dileýärin.

Size çuňňur hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Iki Mukaddesligiň Hyzmatkäri

Salman ben Abdelaziz Al Saud,
Saud Arabystanynyň Patyşasy.

***

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Mübärek Oraza aýynyň ýetip gelmegi bilen, Siziň Alyhezretiňize tüýs ýürekden gutlaglarymy, iň gowy arzuwlarymy beýan etmäge şatdyryn.

Beýik Biribardan bu mukaddes aýda dünýäniň ähli musulman halklaryna bereket we bagtyýarlyk eçilmegini dileýärin. Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, abadançylyk, Türkmenistana we onuň dostlukly halkyna bolsa mundan beýläk-de rowaçlyk, ösüş arzuw edýärin.

Size belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Şeýh Mişaal Al-Ahmad Al-Jaber Al-Sabah,
Kuweýt Döwletiniň Emiri.

***

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Hormatly jenap Prezident!

Mukaddes Oraza aýy mynasybetli Siziň Alyhezretiňize we Türkmenistanyň halkyna tüýs ýürekden gutlaglarymy, iň gowy arzuwlarymy ýollamak meniň üçin örän ýakymlydyr. Gudraty Güýçli Allatagaladan Size berk jan saglyk, bagtyýarlyk, ýurduňyzyň halkyna bolsa mundan beýläk-de ösüş, abadançylyk dileýärin.

Siziň Alyhezretiňize belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Hamad bin Isa Al Halifa,
Bahreýniň Patyşasy.

***

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Mübärek Oraza aýynyň ýetip gelmegi mynasybetli Siziň Alyhezretiňize tüýs ýürekden gutlaglarymy ýollamak bilen, Size berk jan saglyk, bagtyýarlyk arzuw edýärin. Gudraty Güýçli Allatagaladan bu mübärek aýda etjek doga-dileglerimizi kabul etmegini, ähli musulman ymmatyna bolsa rysgal-bereket eçilmegini dileýärin.

Size çuňňur hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Mohammed bin Salman bin Abdelaziz Al Saud,
Saud Arabystany Patyşalygynyň Mirasdüşer Şazadasy,Ministrler Kabinetiniň Başlygy.

Soňky habarlar
13.04
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 57 million 883 müň dollaryndan gowrak boldy
12.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow: — Biziň esasy maksadymyz halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmekden ybaratdyr
11.04
Türkmenistanyň Mejlisiniň maslahaty
11.04
Gahryman Arkadagymyz Awstriýa Respublikasynyň Federal Prezidenti bilen duşuşdy
11.04
Gahryman Arkadagymyz Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy
11.04
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Energetika we howa boýunça halkara Wena forumyndaky çykyşy
11.04
Gahryman Arkadagymyz UNIDO-nyň Baş direktory bilen duşuşdy
11.04
Gahryman Arkadagymyz AEHA-nyň Baş direktory bilen duşuşdy
11.04
Türkmenistan ählumumy tagallalary birleşdirmäge goşant goşýar
11.04
Gahryman Arkadagymyzyň Awstriýa Respublikasyna saparynyň çäklerinde köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bilen söhbetdeşligi
top-arrow