Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropa Bileleşiginiň halkara hyzmatdaşlyk boýunça Ýewropa komissaryny kabul etdi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropa Bileleşiginiň halkara hyzmatdaşlyk boýunça Ýewropa komissaryny kabul etdi
Çap edildi 12.03.2025
1899

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýewropa Bileleşiginiň halkara hyzmatdaşlyk boýunça Ýewropa komissary Ýozef Sikelany kabul etdi.

Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, Ýewropa Bileleşiginde ykdysady özgertmeleriň ýoly bilen ynamly öňe barýan Türkmenistan bilen köpugurly hyzmatdaşlyga ýokary baha berilýändigini nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Ýewropa komissaryny mähirli mübärekläp, myhmanyň ýurdumyza amala aşyrýan saparynyň dowamynda ýokary derejeli duşuşyklaryň geçiriljekdigini hem-de onuň sebitde uly portlaryň biri bolan Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna baryp görjekdigini aýtdy we bu saparyň Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy, geljekki ugurlary boýunça pikir alyşmaga, köpugurly gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge mümkinçilik berjekdigine ynam bildirdi.

Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlyk üstünlikli ösdürilýär. Soňky ýyllarda syýasy-diplomatik gatnaşyklar has-da işjeňleşdirilýär. Özara hyzmatdaşlygyň diňe bir ikitaraplaýyn däl, eýsem, köptaraplaýyn esasda-da ösdürilmegine uly ähmiýet berilýär. “Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi” formatyndaky gatnaşyklar munuň aýdyň mysalydyr.

Ýurdumyzda ylym-bilim, ekologiýa, energetika ulgamlarynda, üstaşyr ulag geçelgelerini ösdürmek babatda hem Ýewropa Bileleşigi bilen birnäçe taslamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Türkmenistanyň geografik taýdan amatly çäkde ýerleşmegi bilen baglylykda, üstaşyr ulag geçelgelerini kämilleşdirmek strategik ähmiýete eýe bolýar. Şunda Türkmenistanda Demirgazyk — Günorta we Gündogar — Günbatar ugurlary boýunça geljegi uly ulag geçelgeleriniň işjeň ösdürilýändigi nygtaldy.

Döwlet Baştutanymyz bu ugurda Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň aýratyn ähmiýetini belläp, onuň uly möçberli ýük akymlarynyň ýoluny we wagtyny ep-esli azaltmaga mümkinçilik berýändigini, Gara deňziň kenarlaryna, Ýewropa, Ýakyn Gündogar, Günorta Aziýa, Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlaryna çykmak üçin amatly şertleri döredýändigini aýtdy we portuň Ýewraziýa ýurtlarynyň arasynda hyzmatdaşlygy, söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmekde ygtybarly köpri boljakdygyna ynam bildirdi.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Ýewropa Bileleşiginiň halkara hyzmatdaşlyk boýunça Ýewropa komissary Ýozef Sikela özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirip, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

Soňky habarlar
13.04
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 57 million 883 müň dollaryndan gowrak boldy
12.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow: — Biziň esasy maksadymyz halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmekden ybaratdyr
11.04
Türkmenistanyň Mejlisiniň maslahaty
11.04
Gahryman Arkadagymyz Awstriýa Respublikasynyň Federal Prezidenti bilen duşuşdy
11.04
Gahryman Arkadagymyz Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy
11.04
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Energetika we howa boýunça halkara Wena forumyndaky çykyşy
11.04
Gahryman Arkadagymyz UNIDO-nyň Baş direktory bilen duşuşdy
11.04
Gahryman Arkadagymyz AEHA-nyň Baş direktory bilen duşuşdy
11.04
Türkmenistan ählumumy tagallalary birleşdirmäge goşant goşýar
11.04
Gahryman Arkadagymyzyň Awstriýa Respublikasyna saparynyň çäklerinde köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bilen söhbetdeşligi
top-arrow