Baş sahypa
\
Syýasat habarlary
\
Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri üçin maglumat
Syýasat habarlary
Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri üçin maglumat
Çap edildi 26.04.2025
354

26-njy aprelde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkianyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşligiň başynda Gahryman Arkadagymyz Bender-Abbas portunda bolup geçen partlama zerarly öz adyndan, şeýle-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyndan goňşy döwletiň Baştutanyna we Eýranyň halkyna çuňňur gynanjyny hem-de duýgudaşlyk sözlerini beýan etdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Eýranyň ýakyn goňşusy hökmünde partlama zerarly ejir çekenlere lukmançylyk we beýleki ähli zerur kömegi bermäge taýýardygyny nygtady. Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti hoşallyk bildirip, şu çylşyrymly pursatda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň ilkinji bolup öz goldawyny bermek baradaky teklibini beýan edendigini belledi.

Söhbetdeşligiň dowamynda Gahryman Arkadagymyz hem-de Prezident Masud Pezeşkian ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösüşi barada pikir alyşdylar, şeýle hem sebit we halkara gün tertibiniň özara gyzyklanma bildirilýän käbir meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Soňky habarlar
12.05
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 4 million 579 müň dollaryndan gowrak boldy
11.05
Parahatçylygyň, hoşniýetliligiň, döredijiligiň ýoly bilen
11.05
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
09.05
Türkmenistanyň Prezidenti Beýik Ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybetli Moskwada geçirilen dabaralara gatnaşdy
09.05
Türkmenistanda Ýeňiş güni baýram edildi
09.05
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz paýtagtymyzdaky gurluşyk işleriniň barşy bilen tanyşdy
09.05
Parahat we asuda durmuşyň goragçylaryna baky şöhrat!
09.05
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna
08.05
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
08.05
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
top-arrow