Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iş sapary bilen Russiýa Federasiýasyna ugrady we şol ýerde Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň çakylygy boýunça 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygynyň hormatyna Moskwada geçirilýän dabaraly çärelere gatnaşdy. Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar ugratdylar.
Ýeňiş güni milli senenamamyzda möhüm orny eýeleýär. Şol gazaply urşuň ilkinji günlerinden biziň ildeşlerimiz meýletinlik bilen fronta ugradylar we doganlyk halklar bilen bilelikde Ýer ýüzünde parahatçylygyň, nesilleriň bagtyýar durmuşynyň bähbidine egin-egne berip söweşdiler. Uruş döwründe tylda güýç-gaýratyny gaýgyrman tutanýerli zähmet çekenler hem umumy Ýeňşe ägirt uly goşant goşdular. Şu gün — 9-njy maýda Watanymyzyň ähli şäherlerinde we obalarynda aýylganç söweşlerde gahrymanlarça wepat bolan gerçeklerimiziň ýagty ýadygärligi hatyralanylýar. Ýurdumyzda frontçy weteranlar, urşuň yzynda galanlar we tylda zähmet çekenler uly hormat-sarpa, alada bilen gurşalyp alyndy. Häzirki döwürde olaryň söweş meýdanlarynda, zähmetde görkezen edermenligi türkmenistanlylaryň ýaş nesli üçin hakyky watançylygyň, gaýduwsyzlygyň we ynsanperwerligiň mekdebi bolup durýar.
Parahatçylyk — ägirt uly umumadamzat gymmatlygy. Ol durnukly ösüşiň, netijeli halkara hyzmatdaşlygyň, adamlaryň abadan durmuşynyň esasy bolup hyzmat edýär. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda yzygiderli durmuşa geçirilýän Bitarap Türkmenistanyň döredijilikli daşary syýasat strategiýasy ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy, döwletleriň hem-de halklaryň arasynda dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk, ynanyşmak gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga gönükdirilendir. Döwletimiziň oňyn teklipleri halkara bileleşigiň giň goldawyna mynasyp bolýar. Hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk şanly senesi giňden bellenilýän 2025-nji ýylyň Türkmenistanyň başlangyjy boýunça “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi-de munuň aýdyň güwäsidir. Bu başlangyç Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamasy bilen berkidildi.
...Hormatly Prezidentimiziň uçary birnäçe wagtdan Moskwanyň “Wnukowo — 2” Halkara howa menziline baryp gondy. Şol ýerde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar garşyladylar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Prawda” we “Sowet Türkmenistany” gazetleriniň 1945-nji ýyldaky ýörite neşirleriniň nusgalary bilen tanyşdyryldy. Metbugat neşirleriniň bu taryhy sanlary Arkadagly Gahryman Serdarymyza sowgat berildi.
Soňra hormatly Prezidentimiziň awtoulag kerweni Moskwa Kremline tarap ugrady. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin mähirli garşylady. Iki döwletiň Baştutanlary dostlarça salamlaşyp, bilelikde ýadygärlik surata düşdüler.
Kremlden hormatly Prezidentimiz beýleki belent mertebeli myhmanlar — baýramçylyk çärelerine gatnaşmak üçin Moskwa gelen GDA ýurtlarynyň hem-de beýleki döwletleriň wekiliýetleriniň Baştutanlary bilen bilelikde Gyzyl meýdanyň merkezi münberine bardy.
Moskwa Kremliniň Spask başnýasyndaky zaňlar ýaňlanandan soňra, sagat 10:00-da Gyzyl meýdanda dabaraly Ýeňiş ýörişi başlandy. Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin uruş weteranlaryna we dabara gatnaşýanlaryň ählisine gutlag sözi bilen ýüzlendi. Ol hemmeleri Beýik Ýeňşiň şanly 80 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlady. 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda wepat bolanlaryň hatyrasyna bir minutlyk dymyşlyk yglan edildi.
Dünýä taryhyndaky iň gazaply we gandöküşikli uruşda gazanylan Beýik Ýeňiş gününden bäri 80 ýyl geçdi. Bu uruş öwezini dolup bolmajak ýitgilere sebäp bolup, millionlarça adamyň gurban bolmagyna getirdi. Doganlyk halklar gazaply howpuň garşysyna jebisleşip, söweş meýdanlarynda edermenligiň, gaýduwsyzlygyň nusgasyny görkezdiler. Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňiş umumy gymmatlyk bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň şu gezekki ýubileý dabaralaryna gatnaşmagy azat ediji gahrymanlaryň umumy edermenligine hormat-sarpanyň nyşanydyr.
Türkmen halky hem Beýik Ýeňşe mynasyp goşant goşdy. Biziň ildeşlerimiz frontlarda gaýduwsyzlyk bilen söweşip, gahrymançylyk, edermenlik we ruhubelentlik görkezdiler. Türkmenistanly esgerleriň edermenligi Watana söýginiň, borja wepalylygyň hakyky nusgasydyr. Uruşdan mähriban ojaklaryna dolanmadyk hem-de Ýeňiş bilen gaýdyp gelen ildeşlerimiziň atlary “Hatyra” we “Şöhrat” kitaplaryna girizildi.
...Gyzyl meýdandaky baýramçylyk dabarasy ýetip gelýär. Münberiň öňünden Russiýa Federasiýasynyň we beýleki ýurtlaryň goşunlarynyň wekilleri batly gadam urup geçýärler. Şolaryň hatarynda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Hormat garawulynyň batalýony hem bar. Häzirki wagtda ýaş türkmen esgerleri ata-babalarymyzyň şöhratly däplerini mynasyp dowam etdirýärler. Şunda pederlerimiziň parasatly wesýetlerine wepaly nesilleriň aýrylmaz arabaglanyşygy hem-de dowamatlylygy öz beýanyny tapýar.
Biz edermenlik üçin türkmenistanlylaryň 104-siniň “Sowet Soýuzynyň Gahrymany” diýen belent ada mynasyp bolandygyna, 19 frontçynyň bolsa “Şöhrat” ordeniniň doly eýeleri bolandygyna çäksiz buýsanýarys. Ildeşlerimiziň müňlerçesi söweşjeň orden-medallar bilen sylaglanyldy. Olaryň hatarynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň atasy, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň garry atasy Berdimuhamet Annaýew hem bar. Häzirki wagtda Berdimuhamet Annaýewiň durmuş ýoly ýurdumyzyň ýaşlary üçin watançylygyň, belent ruhy-ahlak gymmatlyklaryna ygrarlylygyň nusgasy bolup hyzmat edýär. Ilhalar ynsan Berdimuhamet Annaýew fronta meýletinlik bilen gidip, uruşdan agyr ýaralanyp geldi hem-de mugallymçylyk işini dowam etdi. Ol SSSR-iň Ýokary Sowetiniň Prezidiumynyň 1949-njy ýylyň 2-nji martyndaky Permany esasynda “Hormat nyşany” ordeni bilen sylaglanyldy. 2018-nji ýylyň iýunynda bolsa Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda, Berdimuhamet Annaýewiň Russiýa Federasiýasynyň ýokary döwlet sylagy — “Edermenligi üçin” diýen medaly bilen sylaglanandygyny bellemek gerek. Beýik Ýeňşiň 75 ýyllygy mynasybetli Russiýadan Türkmenistana 206-njy atyjylyk diwiziýasynyň 748-nji atyjylyk polkunyň söweşjeň baýdagy getirildi. Berdimuhamet Annaýew hut şu baýdak astynda batyrgaý söweşipdir.
Gazaply uruş ýyllarynda tylda tutanýerli zähmet çeken ildeşlerimiziň edermenligi hem hiç wagt ýatdan çykarylmaz. Olar janyny aýaman kärhanalarda, ekin meýdanlarynda zähmet çekip, oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny ýetişdirdiler we ýygnadylar. Gahryman Arkadagymyzyň kakasy Mälikguly Berdimuhamedow ýetginjekkä, 1944-nji ýylda “Köp ekeliň dänäni!” atly goşgusyny ýazypdyr. Bu täsirli setirlerde hakyky watançylyk, Ýeňiş gününi ýakynlaşdyrmak üçin tagallalar öz beýanyny tapýar.
Ýeňşe Türkmenistanyň medeniýet we sungat işgärleri-de mynasyp goşant goşdular. Olar konsert toparlarynyň düzüminde ençeme gezek söweşleriň dowam edýän ýerlerine bardylar. Kähalatlarda şeýle konsertler frontuň öň hatarynda hem geçirildi. Ählihalk işine türkmen zenanlary-da uly goşant goşdular. Olar urşa giden gerçekleriň ýerine halk hojalygynyň dürli pudaklarynda tutanýerlilik bilen zähmet çekdiler. Goranmak gaznasyna 7400 kilograma golaý altyn-kümüş şaý-seplerini tabşyrdylar.
Ýurdumyzyň çägine senagat kärhanalary, harby hassahanalar, okuw mekdepleridir edaralar göçürilip getirildi. Türkmenistanlylar söweş hereketleriniň gidýän ýerinden getirilen adamlary hem aýratyn üns we mähir bilen gurşap alyp, olary öz maşgalalaryna kabul etdiler. Aýratyn-da, ýerli ýaşaýjylar göçürilen çagalary mähir bilen gurşap aldylar. Bularyň ählisi halkymyzyň doganlyk goldawy, birek-birege ýardam bermek, raýdaşlyk ýaly ýörelgelere wepalylygynyň aýdyň güwäsi boldy. Uruş gutarandan soňra, göçürilip getirilen maşgalalaryň köpüsi mähriban ojaklaryna gaýdyp bardy. Ýöne Türkmenistanda hemişelik galmak kararyna gelen adamlar hem az bolmady.
Türkmen halky gadymdan bäri mähriban topragyny gaýduwsyzlyk bilen goranlara uly sarpa goýup gelipdir. Bu asylly däplere eýerilip, ýurdumyzda Beýik Watançylyk urşunyň weteranlary hemmetaraplaýyn alada bilen gurşalyp alyndy. Beýik Watançylyk urşuna gatnaşanlaryň hem-de geçen asyryň 40-njy ýyllarynda tylda zähmet çekenleriň ählisiniň mynasyp durmuşyny üpjün etmek Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Her ýyl Beýik Ýeňşiň hormatyna uruş weteranlaryna, urşuň yzynda galanlara dabaraly ýagdaýda gymmatly sowgatlar gowşurylýar. Frontçular we tylda zähmet çekenler üçin durmuş ýeňillikleri göz öňünde tutuldy.
...Dabaraly ýöriş tamamlanandan soňra, şanly sene mynasybetli Moskwa gelen döwlet Baştutanlary, asylly däbe görä, Kreml diwarynyň ýanyndaky Aleksandrow bagyna ugradylar we şol ýerde Näbelli esgeriň guburyna gül goýdular.
Belent mertebeli myhmanlar matam sazynyň owazy astynda ýadygärlikler toplumyna barýarlar. Olaryň öňünden harby gullukçylar gül çemenlerini göterip barýarlar. Bir minutlyk dymyşlyk yglan edilýär we Russiýa Federasiýasynyň Döwlet senasy ýaňlanýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunyň söweş meýdanlarynda tutuş adamzadyň parahat durmuşy we azatlygy ugrunda faşizme garşy göreşen gahrymanlary hatyralap, Baky oda gülleri goýdy.
Hormat garawulynyň hem-de Russiýa Federasiýasynyň Ýaragly Güýçleriniň goşun kysymlaryna wekilçilik eden düzümleriň esgerleri ýadygärlikler toplumynyň öňünden batly gadam urup geçýärler. Soňra wekiliýetleriň Baştutanlarynyň bilelikde surata düşmek dabarasy boldy.
Ýeňiş güni mukaddes we nurana baýramdyr. Biz onuň şatlygyny doganlyk halklar bilen paýlaşýarys. Gahrymanlaryň şan-şöhrata beslenen edermenligi baradaky hakyda müdimilik kalplarymyzda ýaşap, dostlugyň, hoşniýetli döwletara gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna ýardam edýär.
Beýik Ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybetli dabaraly çäreler tamamlanandan soňra, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Wnukowo — 2” Halkara howa menziline bardy we şol ýerden Watanymyza ugrady.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň uçary birnäçe wagtdan soňra Aşgabadyň Halkara howa menziline gelip gondy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar garşyladylar.