Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
Syýasy habarlar
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
Çap edildi 14.05.2025
1537

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

Jenap Serdar Berdimuhamedowa

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy kabul ediň! Biz bu şanly günde ata-babalarymyzyň gahrymançylygyny, edermenligini, gaýduwsyzlygyny çuňňur hoşallyk bilen sarpalaýarys hem-de söweş meýdanlarynda, tylda Ýeňşiň binýadyny tutan gahrymanlary buýsanç bilen ýatlaýarys. Urşuň ýowuz synagyndan geçen ýurtlarymyzyň halklarynyň dostlukly gatnaşyklarynyň geljekde-de Ermenistan bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak hem-de çuňlaşdyrmak üçin ygtybarly esas bolup hyzmat etjekdigine ynanýaryn.

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç, pursatdan peýdalanyp, Size hem-de Türkmenistanyň ähli halkyna parahatçylyk, abadançylyk arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,

Waagn Haçaturýan,

Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Sizi Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. 1945-nji ýylyň 9-njy maýy ozalky Soýuz respublikalarynyň ähli ýaşaýjylarynyň hakydasynda aýratyn ähmiýetli sene hökmünde müdimilik galar. Bu mukaddes baýram edermenligiň, durnuklylygyň we halk jebisliginiň nyşanydyr. Biz söweş meýdanlarynda gaýduwsyzlyk görkezen, tylda zähmet çeken, uruş döwrüniň ýowuz synaglaryny başdan geçiren hem-de häzirki nesle parahat asmanyň astynda ýaşamagy peşgeş beren gahrymanlaryň öňünde baş egýäris. Olaryň edermenligi Watana, hoşniýetlilik taglymlaryna wepalylygyň, adalatlylyga ygrarlylygyň, ene topraga söýginiň nyşany hökmünde taryhyň sahypasyna hemişelik ýazylar. Sowet Soýuzynyň düzümine giren respublikalaryň raýatlarynyň — Leningradyň goragçylarynyň hem-de gabawa düşen şäheriň göçürilen ilatyny öz öýlerinde kabul edenleriň ählisiniň atlary biziň kalplarymyzda hemişelik saklanar. Täze wehimleriň ýüze çykýan şertlerinde geçen döwrüň pajygaly synaglaryndan güýç-kuwwat alýarys hem-de ýeňijileriň nesline deňleşmek isleýäris. Häzirki wagtda ýaş nesillere uruş döwrüniň wakalary, Ýeňşiň ähmiýeti baradaky taryhy hakykaty ýetirmek örän möhümdir.

Size we siziň ýakynlaryňyza berk jan saglyk, parahatçylyk, abadançylyk, rowaçlyk arzuw edýärin.

Aleksandr Beglow,

Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäheriniň gubernatory.

***

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Çuňňur hormatlanylýan Serdar Gurbangulyýewiç!

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Parlamentara Assambleýasynyň Geňeşiniň adyndan Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybetli gutlaglarymy kabul ediň! Arkalaşygyň döwletleriniň ähli raýatlary üçin mukaddes bolan bu günde Beýik Ýeňşe goşant goşanlaryň ählisini belent sarpa bilen ýatlaýarys. Watanyň azatlygy ugrunda söweş meýdanlarynda wepat bolan ata-babalarymyzy, tyldaky zähmetkeşleri, konslagerlerde ejir çekenleri, aýylganç urşuň ýowuz synaglaryna döz gelenleriň ählisini hoşallyk duýgulary bilen ýatlaýarys.

Size tüýs ýürekden asuda asman, rowaçlyk we abadançylyk arzuw edýärin.

Dmitriý Kobiskiý,

GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň Geňeşiniň Baş sekretary.

Soňky habarlar
11.04
Türkmenistan ählumumy tagallalary birleşdirmäge goşant goşýar
11.04
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Energetika we howa boýunça halkara Wena forumyndaky ÇYKYŞY
11.04
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Awstriýa Respublikasyna saparynyň çäklerinde ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bilen söhbetdeşligi
11.04
Gahryman Arkadagymyz MAGATE-niň Baş direktory bilen duşuşdy
11.04
Gahryman Arkadagymyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary bilen duşuşygy
11.04
Gahryman Arkadagymyz UNIDO-nyň Baş direktory bilen duşuşdy
11.04
Gahryman Arkadagymyz Awstriýa Respublikasynyň Federal Prezidenti bilen duşuşdy
11.04
Türkmenistanyň Mejlisiniň maslahaty
10.04
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisi
10.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň jemleýji tapgyrynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy
top-arrow