Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Pakistan Yslam Respublikasynyň Senatynyň Başlygyny kabul etdi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Pakistan Yslam Respublikasynyň Senatynyň Başlygyny kabul etdi
Çap edildi 31.05.2025
1571

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Pakistan Yslam Respublikasynyň Senatynyň Başlygy Saýed Ýusuf Raza Gilanini kabul etdi.

Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, Pakistanda Türkmenistanyň häzirki döwürde gazanýan üstünliklerine ýokary baha berilýändigini belledi hem-de mümkinçilikden peýdalanyp, hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Asif Ali Zardariniň hem-de Premýer-ministri Muhammad Şahbaz Şarifiň mähirli salamyny, şeýle-de Türkmenistanyň ähli halkyna abadançylyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi.

Saýed Ýusuf Raza Gilani şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideriniň Pakistana amala aşyran saparynyň dowamynda Gahryman Arkadagymyz bilen bolan duşuşygyny ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz myhmany mähirli mübärekläp, Pakistanyň ýolbaşçylaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi hem-de dostlukly ýurduň Senatynyň Başlygynyň saparynyň netijeleriniň iki ýurduň arasyndaky parlamentara gatnaşyklary ösdürmäge itergi berjekdigine ynam bildirip, bu saparyň üstünlikli geçmegini arzuw etdi.

Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen Pakistan Yslam Respublikasynyň arasyndaky özara düşünişmäge we birek-birege hormat goýmaga esaslanýan köpýyllyk ikitaraplaýyn gatnaşyklar häzirki wagtda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, energetika, ulag, bilim we medeni-ynsanperwer ýaly ulgamlarda üstünlikli ösdürilýär. Ýurtlarymyz birek-biregiň netijeli halkara başlangyçlaryny yzygiderli goldaýarlar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň kabul eden Kararnamasyna laýyklykda, 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilendigini, bu wakanyň ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň şanly 30 ýyllygy bilen gabat gelýändigini we şu mynasybetli ýurdumyzda köp sanly çäreleriň geçirilmeginiň göz öňünde tutulýandygyny belledi hem-de Saýed Ýusuf Raza Gilanini we Pakistanyň Senatynyň agzalaryny bu çärelere işjeň gatnaşmaga çagyrdy.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistan iki ýurduň arasyndaky parlamentara gatnaşyklaryň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berýär. Häzirki döwürde parlamentara hyzmatdaşlyk ýurtlaryň arasynda netijeli gatnaşyklary üpjün etmäge, halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ýardam berýär. Şunuň bilen birlikde, parlamentara dialog döwletara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhüm düzüm bölegi bolup durýar. Ikitaraplaýyn esasda hereket edýän Parlamentara dostluk toparlary kanun çykaryjylyk işinde we parlament diplomatiýasyny ösdürmekde tejribe alyşmaga mümkinçilikleri döredýär.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de Pakistan Yslam Respublikasynyň Senatynyň Başlygy Saýed Ýusuf Raza Gilani ýurtlarymyzyň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň iki doganlyk halkyň abadançylygynyň bähbidine mundan beýläk-de ugurlaryň giň gerimi boýunça ösdüriljekdigine ynam bildirip, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

Soňky habarlar
11.04
Türkmenistan ählumumy tagallalary birleşdirmäge goşant goşýar
11.04
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Energetika we howa boýunça halkara Wena forumyndaky ÇYKYŞY
11.04
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Awstriýa Respublikasyna saparynyň çäklerinde ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bilen söhbetdeşligi
11.04
Gahryman Arkadagymyz MAGATE-niň Baş direktory bilen duşuşdy
11.04
Gahryman Arkadagymyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary bilen duşuşygy
11.04
Gahryman Arkadagymyz UNIDO-nyň Baş direktory bilen duşuşdy
11.04
Gahryman Arkadagymyz Awstriýa Respublikasynyň Federal Prezidenti bilen duşuşdy
11.04
Türkmenistanyň Mejlisiniň maslahaty
10.04
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisi
10.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň jemleýji tapgyrynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy
top-arrow