Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
Syýasy habarlar
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
Çap edildi 08.06.2025
1477

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňiz!

Mukaddes Gurban baýramy mynasybetli Size tüýs ýürekden gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy beýan etmäge şatdyryn.

Yslam dininiň ýokary gymmatlyklaryny we rehimdarlygy özünde jemleýän bu mübärek baýram halklarymyzyň arasyndaky jebisligi pugtalandyrmaga mümkinçilik bolup hyzmat edýär. Baýram günlerinde biz türki halklary birleşdirýän umumy ruhy we medeni gymmatlyklary ýatlaýarys.

Bu şatlykly wakanyň türki döwletleriň arasyndaky raýdaşlygy hem-de hyzmatdaşlygy, abadançylygy we özara düşünişmegi mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ýardam berjekdigine berk ynanýaryn. Siziň Alyhezretiňize rowaçlyk we üstünlikleri, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa mundan beýläk-de ösüş we bagtyýarlyk arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,

Kubanyçbek OMURALIÝEW,
Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretary.

***

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly jenap Prezident!

Siziň Alyhezretiňizi uly hormat bilen mübärekleýärin. Sizi we doganlyk türkmen halkyny yslam dünýäsiniň mukaddes baýramy — Gurban baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Bu nurana günlerde Beýik Allatagaladan Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, uzak ömür we türkmen döwletiniň hem-de onuň halkynyň bähbidine alyp barýan asylly işleriňizde üstünlikleri dileg edýärin.

Doganlyk Türkmenistan bilen ruhy mirasa esaslanýan we taryhyň dowamynda kemala gelen medeni gatnaşyklar Azerbaýjan üçin aýratyn ähmiýete eýedir. Doganlyk halklarymyzyň we döwletlerimiziň arasynda hemmetaraplaýyn gatnaşyklary çuňlaşdyrmak üçin täze mümkinçilikleriň açylýan häzirki döwründe biziň umumy dini-medeni gymmatlyklarymyzy, mirasymyzy, köpasyrlyk milli ýörelgelerimizi gorap saklamakda we ösdürmekde Beýik Biribaryň Siziň Alyhezretiňize medet bermegini dileg edýärin.

Parasatly we görnükli döwlet işgäri, Türkmenistany gülledip ösdürmekde bimöçber işleri durmuşa geçirýän jenap Gurbanguly Berdimuhamedowyň syýasy ugruny üstünlikli dowam etmek bilen, hormatly jenap Prezident, Siziň dost-doganlyk halklarymyzyň we döwletlerimiziň arasynda ýokary derejede ýola goýlan özara bähbitli gatnaşyklary ähli ulgamlarda mundan beýläk-de ösdürmek üçin hemmetaraplaýyn tagallalary etjekdigiňize berk ynanýaryn.

Siziň Alyhezretiňiz! Sizi we doganlyk türkmen halkyny mukaddes Gurban baýramy bilen ýene bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, uzak ömür we jogapkärli döwlet işiňizde täze üstünlikleri arzuw edýärin. Goý, Gudraty Güýçli Allatagala biziň halklarymyza we döwletlerimize rysgal-bereket eçilsin!

Çuňňur hormat goýmak bilen,

Şeýh-ul-yslam Allahşükür PAŞAZADE,
Kawkaz musulmanlar müdiriýetiniň başlygy,
GDA-nyň Dinara geňeşiniň gezekleşikli başlygy.

Soňky habarlar
11.04
Türkmenistan ählumumy tagallalary birleşdirmäge goşant goşýar
11.04
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Energetika we howa boýunça halkara Wena forumyndaky ÇYKYŞY
11.04
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Awstriýa Respublikasyna saparynyň çäklerinde ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bilen söhbetdeşligi
11.04
Gahryman Arkadagymyz MAGATE-niň Baş direktory bilen duşuşdy
11.04
Gahryman Arkadagymyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary bilen duşuşygy
11.04
Gahryman Arkadagymyz UNIDO-nyň Baş direktory bilen duşuşdy
11.04
Gahryman Arkadagymyz Awstriýa Respublikasynyň Federal Prezidenti bilen duşuşdy
11.04
Türkmenistanyň Mejlisiniň maslahaty
10.04
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisi
10.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň jemleýji tapgyrynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy
top-arrow