Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisi
Çap edildi 20.08.2025
192

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisi geçirildi. Onuň dowamynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini hem-de ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk baýramyny ýokary derejede geçirmek boýunça meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlise Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň agzalary, Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Gahryman Arkadagymyz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, türkmen halkynyň asylly däp-dessurlarynyň biri bolan möhüm wezipeleri ara alyp maslahatlaşmagyň müňlerçe ýyl bäri halkymyzyň durmuşynda dowam edip gelýän demokratik däpleriň biridigini, häzirki taryhy döwürde bu däpleriň ýurdumyzyň ösüşiniň esasyna, ileri tutulýan wezipeleri çözmekde jemgyýetiň hereketlendiriji güýjüne öwrülendigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Garaşsyz Watanymyzy ösdürmek boýunça şu ýylyň alty aýynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlendi. Şunuň bilen birlikde, hormatly Prezidentimiz tarapyndan bu mejlisde şu ýylyň sentýabrynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramyna ýokary derejede taýýarlyk görmek boýunça degişli tabşyryklar berildi diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri aýtdy. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini guramaçylykly geçirmek maksady bilen, şeýle hem «Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň 15-nji we 16-njy maddalarynyň düzgünlerine laýyklykda, Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisini çagyrdyk. Mejlisiň ikinji ýarymynda bolsa 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek bilen bagly meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşarys diýip, Gahryman Arkadagymyz nygtady.

Milli Liderimiz şu günki mejlisiň gün tertibiniň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine ýokary derejede taýýarlyk görmek hem-de ony guramaçylykly geçirmek, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça öňde durýan möhüm wezipeler, Garaşsyzlygymyzyň şanly baýramy mynasybetli dürli ugurlarda ýokary zähmet üstünliklerini gazanan, il içinde uly abraýdan we sylagdan peýdalanýan ildeşlerimizi döwlet sylaglaryna, hormatly atlara hödürlemek boýunça işleri alyp barmak bilen bagly dürli soraglardan ybaratdygyny belledi. Türkmen halkynyň Milli Lideri sözüni dowam edip, şu ýylyň sentýabrynda ähli halkymyz bilen bilelikde, agzybirlikde Watanymyzyň Garaşsyzlyk baýramynyň giňden bellenilip geçiljekdigini aýtdy.

Halkymyz hemişelik Bitarap Diýarymyzyň Garaşsyzlyk toýuny uly zähmet üstünliklerine besläp, buýsanç bilen garşy alýar. Sebäbi bu sene Garaşsyz ýurdumyz hem-de agzybir halkymyz üçin aýratyn ähmiýetli, buýsançly, biziň her birimizi täze, belent maksatlara galkyndyrýan şanly wakadyr. Şunuň bilen baglylykda, Garaşsyzlyk baýramynyň bellenilýän günlerinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini geçirmek bilen, Garaşsyz döwletimiziň ösüşinde gazanylan üstünlikleriň, ýetilen sepgitleriň, ýerine ýetirilen işleriň jemini jemläris. Döwrüň talaplaryndan, täze ykdysady şertlerden ugur alyp, täze taryhy döwürde öňümizde durýan möhüm wezipeleri ara alyp maslahatlaşarys diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy nygtady. Gahryman Arkadagymyz şu günki mejlisde bolsa «Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanuny esasynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini çagyrmak we ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk toparyny döretmek, mejlisiň geçiriljek senesini kesgitlemek, guramaçylyk toparynyň düzümini tassyklamak hakynda degişli resminamalaryň kabul ediljekdigini aýtdy. Onda il içinde uly abraýdan peýdalanýan, öz halal zähmeti bilen ýokary zähmet üstünliklerini gazanan watandaşlarymyzy döwlet sylaglaryna hödürlemek, hormatly atlary dakmak boýunça işleriň alnyp barlyşyna serediler. Şeýle hem Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda sebitde we dünýäde parahatçylygy üpjün etmekde ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk syýasatynyň orny babatda öňde durýan wezipeler kesgitleniler.

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň başyndan bäri geçen döwürde ähli tagallalarymyz, gujur-gaýratymyz döwletimiziň hem-de jemgyýetimiziň depginli ösüşini üpjün etmäge gönükdirildi. Ýurdumyzda halk häkimiýetliligini, milli demokratik institutlary ösdürmek boýunça taryhy işler durmuşa geçirildi. Biz döwletlilik, kanunylyk we milli demokratik kadalardan ugur alyp, döwlet ähmiýetli möhüm soraglary halk bilen maslahatlaşyp amala aşyrýarys. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň işi hem şol maksatlara esaslanýar diýip, hormatly Arkadagymyz sözüni dowam etdi. Şunda döwlet ähmiýetli soraglary çözmek, ýurdumyzda kabul edilen maksatnamalary ýerine ýetirmäge halk köpçüligini giňden çekmek, teklipleri işläp taýýarlamak, halkymyzyň agzybirligini, jebisligini, asudalygyny, abadançylygyny berkitmäge hem-de Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine ýardam bermek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň baş maksady we esasy wezipesi bolup durýar. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň alyp barýan işleriniň ählisi döwletimizi durmuş-ykdysady taýdan ýokary derejede ösdürmegiň, bu işleri netijeli dolandyrmagyň, kanunçylyk-hukuk üpjünçiliginiň, häkimiýet edaralarynyň guramaçylyk esaslarynyň täze, kämil gurallaryny kemala getirmäge gönükdirilendir.

«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy» we beýleki maksatnamalar esasynda milli ykdysadyýetimizde ýokary ösüşleri gazandyk. Täze şäherdir obalaryň gurluşyklaryny ýokary depginde dowam etdirdik. Häzirki döwürde ýurdumyzyň ägirt uly ykdysady, maliýe we maýa goýum kuwwatyny görkezýän Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň gurluşygy üstünlikli alnyp barylýar diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy aýtdy hem-de hormatly Prezidentimiziň sebitde we halkara giňişlikde dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmek, parahatçylygy, ynanyşmagy pugtalandyrmak, durnukly ösüşi üpjün etmek barada edýän tagallalarynyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda uly üstünliklere beslenýändigine ünsi çekdi. Bu ýyl türkmen jemgyýetinde agzybirligiň, jebisligiň höküm sürmegi, ýurdumyzyň gazanýan üstünlikleri, döwletimiziň dünýäde parahatçylygy we durnuklylygy gorap saklamaga goşýan goşandy Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bu ugurda öňe sürýän halkara başlangyçlary bilen häsiýetlendirilýär.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan dünýäde parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerini wagyz etmek, halkara guramalaryň çäklerinde umumadamzat bähbitli başlangyçlary we teklipleri öňe sürmek ugrunda uly işleri alyp barýar. Halkara gatnaşyklarda parahatçylyk, ynanyşmak däplerini ilerledip, medeni dialogy, hoşniýetli goňşuçylygy, birek-birege hormat goýmagy berkitmek, özara ynanyşmagy pugtalandyrmak maksady bilen, netijeli işleri amala aşyrýar. Ýurdumyzyň Durnukly ösüş maksatlary, öňüni alyş diplomatiýasy, derwaýys sebit soraglary boýunça öňe sürýän daşary syýasy başlangyçlary Birleşen Milletler Guramasy we beýleki abraýly halkara guramalar tarapyndan yzygiderli goldanylýar.

Türkmen Bitaraplygynyň 30 ýyllyk ýubileýiniň baýram edilýän ýylynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 61-nji mejlisinde «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi arkaly ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň halkara derejede üçünji gezek ykrar edilmegi hoşniýetli däplere esaslanýan daşary syýasatymyzy, şanly senäniň ähmiýetini has-da dabaralandyrdy. Türkmenistanyň Bitaraplygy diňe bir türkmen halkynyň däl-de, eýsem, bütindünýä bileleşiginiň hem gymmatlygydyr. Halkara derejede ykrar edilen syýasy-hukuk ýagdaýyna eýe bolan Türkmenistanyň Bitaraplygynyň dünýäde deňi-taýy ýokdur diýip, Milli Liderimiz nygtady. Alnyp barylýan Bitaraplyk syýasatynyň döwletimiz we halkymyz üçin nähili möhüm ähmiýetiniň bardygyna göz ýetirmek üçin geçen 30 ýylyň dowamynda amala aşyrylan işleriň gerimine we möçberine nazar aýlamak ýeterlikdir. Şu ýyllaryň dowamynda ýurdumyz dünýä bileleşiginiň hormat-sarpasyny gazandy. Garaşsyz Watanymyz öz borçnamalaryny gyşarnyksyz berjaý edýän ygtybarly, jogapkär hyzmatdaş hökmünde uly abraýa eýe boldy.

Häzirki döwürde Bitarap Türkmenistan anyk kadalara we öz maksatlaryna aýdyň düşünmäge esaslanýan, köpugurly, toplumlaýyn daşary syýasaty alyp barýar. Biz dünýä bileleşigi bilen umumadamzat gymmatlyklaryna, häzirki zamanyň ösen medeniýetleriniň öňünde durýan wezipeleriň bitewüdigine we bölünmezdigine daýanýan gatnaşyklary alyp barýarys. Gatnaşyklaryň şeýle görnüşi bolsa Türkmenistanyň saýlap alan esasy, möhüm ähmiýetli strategik ýoludyr. Biz hemişelik Bitaraplykdan gelip çykýan «Açyk gapylar» syýasatyny we giň gerimli halkara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de dowam etdireris. Şunuň bilen baglylykda, döwletimiziň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda dünýäde hyzmatdaşlygy hem-de özara düşünişmegi pugtalandyrjak çäreleriň birnäçesini meýilleşdirdik diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy sözüni dowam etdi. Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň oňyn Bitaraplyk syýasatynyň döwletimiziň milli kanunçylygynda mynasyp orun alandygyny we onuň iş ýüzünde amala aşyrylmagy üçin pugta hukuk esasynyň döredilendigini belledi.

Ýakynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny döretmek hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Häzirki döwürde bu işleri dowam etmek zerur bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Arkadagymyz ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli, ynsanperwer içeri we daşary syýasatyny parlament diplomatiýasynyň üsti bilen dünýä ýaýmak, bu ugurda alnyp barylýan syýasaty milli kanunçylykda berkitmek üçin Türkmenistanyň Mejlisiniň degişli işleri durmuşa geçirmelidigini aýtdy. Geçirilýän işleriň çäginde Türkmenistanyň parahatçylyk we ynanyşmak syýasatynyň hukuk esaslaryny, onuň kadalaryny, esasy maksatlaryny, öňüni alyş diplomatiýasyny, ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryny kanun arkaly berkitmek maksady bilen, «Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk we ynanyşmak syýasatynyň hukuk esaslary hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň taslamasy taýýarlanylsa, maksadalaýyk bolar.

Milli Liderimiz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk görmek bilen bagly işleriň çäginde «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy» ýaly esas goýujy resminamalara laýyklykda, degişli ýolbaşçylaryň geljek ýylda ýurdumyzyň makroykdysady ýagdaýyny we maliýe, pul-karz ulgamyny durnukly saklamak, ykdysadyýetiň pudaklaryny depginli ösdürmek arkaly ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak babatda durmuşa geçirilmeli çäreleri seljermelidigine ünsi çekdi. Şeýle hem maýa goýumlaryň esasy bölegini täze önümçiliklere gönükdirmäge, pudaklara sanly ulgamy, täze tehnologiýalary ornaşdyrmaga, hususy telekeçiligi ösdürmäge möhüm ähmiýet bermeli. Şoňa görä-de, maksatlaýyn, pudaklaýyn we sebitleýin maksatnamalardan ugur alyp, şeýle hem döwletimiziň milli ykdysadyýetiniň pudaklarynyň ykdysady, maliýe görkezijilerini içgin seljermek bilen, ykdysadyýetiň pudaklary, maglumat-kommunikasiýa, bilim, saglygy goraýyş, sport ulgamlary, senagat, oba hojalyk we beýleki pudaklar boýunça teklipleri taýýarlamaly.

Döwletiň we jemgyýetiň durmuşynyň möhüm ugurlaryna degişli soraglar boýunça geçirilen işleriň netijeleri barada hormatly Prezidentimize degişli hasabatlary we maglumatlary bermek, şol maglumatlary seljermek bilen, geljekki ösüşlerimizi üpjün etmek üçin wajyp teklipleri işläp taýýarlamak, çözgütleriň kabul edilmegini gazanmak biziň esasy wezipelerimiziň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzy ösdürmegiň söwda-ykdysady, senagat, önümçilik, dolandyryş, kanunçylyk-hukuk, hyzmat ediş we medeni-durmuş ugurlarynda gazanylan üstünlikler, ýetilen sepgitler baradaky hem-de geljek üçin giň mümkinçilikleri açýan maglumatlary, şol maglumatlar esasynda taýýarlanan teklipleri gysga wagtda işläp düzüp, olary Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanyna bermegi tabşyrdy. Şeýle-de türkmen halkynyň Milli Lideri «Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň 19-njy maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynyň guramaçylyk topary bilen bilelikde alyp barmaly işlerine ünsi çekdi.

Halk Maslahatynyň agzalary, deputatlar, syýasy we jemgyýetçilik guramalarynyň işjeň agzalary, alymlar, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk görülýän döwürde we mejlisiň jemleri boýunça Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň alyp barýan işleriniň taryhy, syýasy-jemgyýetçilik ähmiýeti barada täsirli wagyz-nesihat çärelerini, çykyşlary, duşuşyklary giňden guramalydyr diýip, hormatly Arkadagymyz aýtdy. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk görmek boýunça işleri guramaçylyk topary bilen bilelikde meýilnama esasynda alyp barmak, Halk Maslahatynyň garamagyna soraglary taýýarlamagy we resminamalaryň taslamalaryny guramaçylyk toparynyň ýygnaklarynda deslapdan ara alyp maslahatlaşmak möhümdir. Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk görmekde welaýatlaryň, etraplaryň we şäherleriň halk maslahatlarynyň işine guramaçylyk-usulyýet taýdan ýolbaşçylyk etmek, raýatlardan gelip gowşan tekliplere, beýleki ýüztutmalara garamak, olary hasaba almak, umumylaşdyrmak boýunça işleri alyp barmak, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini geçirmegiň maksatnamasyny taýýarlamak, onuň işini köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde beýan etmek bilen bagly zerur maglumatlary taýýarlamak hem wajypdyr.

Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk görmek boýunça guramaçylyk işlerini Türkmenistanyň Mejlisi, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, welaýatlaryň, Aşgabat, Arkadag şäherleriniň häkimlikleri, jemgyýetçilik birleşikleri bilen bilelikde utgaşykly alyp barmalydyr. Türkmenistanyň Mejlisi hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygy hem-de 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli döwletimiziň parahatçylyk söýüjilikli, ynsanperwer içeri we daşary syýasatyny parlament diplomatiýasynyň üsti bilen dünýä ýaýmak, wagyz etmek boýunça ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, syýasy partiýalar, jemgyýetçilik birleşikleri bilen alnyp barylýan işleri dowam etdirmelidir. Hormatly Prezidentimiziň beren tabşyryklaryna laýyklykda, Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýurdumyzyň durmuşynyň syýasy, ykdysady, medeni ugurlarynda ýokary zähmet üstünliklerini gazanan, halk arasynda uly abraýdan we sylagdan peýdalanýan ildeşlerimizi döwlet sylaglary bilen sylaglamak, olara hormatly atlary dakmak boýunça alyp barýan işlerimizi hem guramaçylykly ýerine ýetirmeli. Mynasyp adamlary hödürlemek we bu işleri resmileşdirmek boýunça işleri talabalaýyk alyp barmalydyr diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk görmek boýunça çykyş etmek üçin Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa söz berdi.

Milli parlamentiň ýolbaşçysy Gahryman Arkadagymyzyň Halk Maslahatynyň mejlisine ýokary derejede taýýarlyk görmek hem-de ony guramaçylykly geçirmek bilen bagly beren gymmatly maslahatlarynyň möhüm ähmiýetini belledi. Şeýle-de ol türkmen halkynyň Milli Lideriniň guramaçylyk döwlet toparynyň mejlislerinde kanunçylygy kämilleşdirmek barada beren tabşyryklaryna, gymmatly maslahatlaryna laýyklykda, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli taýýarlanylan «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny döretmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilendigini aýtdy. Hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň syýasy, ykdysady, medeni durmuşynda ýokary üstünlikleri gazanan, il içinde uly abraýdan peýdalanýan raýatlarymyzy döwlet sylaglary bilen sylaglamaga, hormatly atlary dakmaga hödürlemek hem-de resmileşdirmek barada beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek üçin Mejlisde Türkmenistanyň Halk Maslahaty, Ministrler Kabineti bilen bilelikde degişli işler alnyp barylýar.

Soňra Gahryman Arkadagymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradowa söz berdi. Ol Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe giň gerimli özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilip, milli ykdysadyýet maksatnamalaýyn esasda durnukly ösdürilýär, pudaklarda oňyn netijeler gazanylyp, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi has-da ýokarlanýar. 2025-nji ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda hem ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda durnukly ösüş üpjün edilip, ýurdumyzyň jemi içerki önüminiň ösüş depgini 6,3 göterime deň boldy. Milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmagyň esasy guraly bolan maýa goýumlar yzygiderli artyp, olaryň köp möçberde önümçilik ulgamyna gönükdirilmegi Diýarymyzda ýokary depginli senagat-innowasion ösüşi üpjün edýär. Şeýle hem wise-premýer häzirki wagta çenli her ýyl ýurdumyzda aýlyk zähmet haklarynyň 10 göterim ýokarlanandygyny, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da gowulaşýandygyny belledi. Halkara maliýe guramalary we reýting kompaniýalary tarapyndan Türkmenistanyň ykdysady ösüşine berilýän oňyn bahalar döwletimiz tarapyndan oýlanyşykly durmuş-ykdysady syýasatyň amala aşyrylýandygyna, netijeli döwlet dolandyryşynyň üpjün edilýändigine, ykdysadyýetiň pudaklaryny durnukly ösdürmek we diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça çäreleriň, maksatnamalaryň üstünlikli ýerine ýetirilýändigine şaýatlyk edýär.

Wise-premýer Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine görülýän taýýarlyk işleri barada aýdyp, ählihalk forumy bilen bagly çäreleri maliýeleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler hakynda habar berdi.

Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewe söz berdi.

Wise-premýer hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary esasynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn durnukly ösüşini üpjün etmek, welaýatlaryň deň derejede ösdürilmegini gazanmak, senagat taýdan has-da pugtalandyrmak, döwrebap, iri önümçilikleri döretmek arkaly Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny berkitmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak boýunça maksatnamalaýyn işleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini belledi. Ýurdumyzyň döwlet dolandyryş ulgamyny, dolandyryş-çäk gurluşyny döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmek, «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda», «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasynda» göz öňünde tutulan wezipeleri üstünlikli amala aşyrmak boýunça degişli işler üstünlikli dowam etdirilýär. Oba hojalyk pudagyny häzirki zaman ösüş ýoly bilen ösdürmek üçin anyk çäreler durmuşa geçirilýär. Bu pudakda däneçilik we pagtaçylyk bilen bir hatarda, maldarçylyk, ýüpekçilik, bakjaçylyk, miweçilik, üzümçilik ugurlary-da işjeň ösdürilýär.

T.Atahallyýew Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň oba hojalyk pudagynyň dolandyrylyşyny yzygiderli kämilleşdirmek barada öňde goýan wezipelerini ýerine ýetirmek maksady bilen, welaýatlarda oba hojalyk önümçiliginiň guralyşyny kämilleşdirmek, ekerançylyk meýdanlarynyň melioratiw ýagdaýyny has-da gowulandyrmak, suw serişdelerini netijeli peýdalanmak, dünýäniň öňdebaryjy tejribelerini we täze usullaryny önümçilige giňden ornaşdyrmak, bugdaýyň, pagtanyň, gök-bakja we beýleki oba hojalyk önümleriniň görnüşlerini, hilini we möçberini has-da artdyrmak maksady bilen, ýurdumyzyň welaýatlaryndaky etraplardyr obalaryň ýaşaýjylaryndan gelip gowşan haýyşnamalar esasynda täze etraplaryň birnäçesini döretmek bilen bagly teklipleriň taýýarlanylandygyny aýtdy we olary Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine hödürledi.

Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynyň iş dolandyryjysy R.Bazarowa söz berildi. Ol Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň “Döwlet adam üçindir!”, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!” diýen ynsanperwer ýörelgeleri esasynda ýurdumyzda taryhy işleriň amala aşyrylýandygyny, raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuşy, zähmet çekmegi üçin iň gowy şertleriň döredilýändigini, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara giňişlikdäki abraýynyň barha artýandygyny belledi.

Nygtalyşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň şu günki mejlisde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini ýokary derejede geçirmek barada beren gymmatly maslahatlary, öňde goýan wezipeleri giň wekilçilikli forumy ýokary guramaçylykda geçirmek üçin ýolgörkeziji bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, R.Bazarow Halk Maslahatynyň ýurdumyzyň Mejlisi we beýleki döwlet edaralary, jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine ýokary derejede taýýarlyk görmek, guramaçylyk topary bilen bilelikde işleri utgaşykly ýola goýup, degişli seljermeleri, teklipleri taýýarlamak we mejlisiň gün tertibini, onda kabul ediljek resminamalaryň taslamalaryny taýýarlamak boýunça degişli işleri talabalaýyk ýerine ýetirmek üçin ähli tagallalary etjekdigini, onuň resminama-hukuk, syýasy-jemgyýetçilik, guramaçylyk usuly we üpjünçilik meselelerine degişli işleriň guramaçylykly alnyp baryljakdygyny nygtady. Şeýle-de ol Milli Liderimiziň şu günki mejlisde ýurdumyzyň dolandyryş-çäk gurluşyny kämilleşdirmek bilen bagly öňde goýan wezipelerini ýerine ýetirmek üçin guramaçylyk topary we welaýat häkimlikleri, beýleki degişli edaralar bilen bilelikde zerur işleri geçirjekdiklerine ynandyrdy.

Soňra Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzy ösdürmek boýunça Halk Maslahatynyň öňünde durýan wezipelere ünsi çekdi. Halk Maslahaty Türkmenistanyň Mejlisi, Hökümeti, jemgyýetçilik birleşikleri bilen bilelikdäki netijeli işleri dowam etdirip, alnyp barylýan özgertmeler syýasatymyza öz mynasyp goşandyny goşup, Watanymyzy mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmek boýunça zerur işleri alyp barmalydyr.

Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de ösdürmek, jemgyýetimizi yzygiderli demokratiýalaşdyrmak boýunça kabul edilen maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirmek, sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, ilatyň gündelik zerurlyklaryny we isleglerini kanagatlandyrmak babatda netijeli işleri alyp barmak esasy wezipeleriň hatarynda durýar. Biz geljekde hem dürli ugurlardaky özgertmeler syýasatymyzy üstünlikli dowam etdirmek üçin agzalan ugurlar boýunça täze teklipleriň üstünde işlemelidiris. Şunda iň esasy maksat ýurdumyzyň ähli ilatynyň abadan ýaşaýşyny üpjün etmek, her bir adam üçin amatly ýaşaýyş gurşawyny döretmek bolup durýar diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini çagyrmak hem-de ony guramaçylykly geçirmek hakynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň Kararlaryna gol çekdi. Kararlara laýyklykda, Halk Maslahatynyň mejlisi çagyrylýar, onuň geçiriljek senesi we ýeri kesgitlenilýär. Şeýle hem mejlisi ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk topary döredilip, onuň düzümi tassyklanylýar. “Şeýlelikde, biz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini ýokary guramaçylykly geçirmek bilen bagly işlere resmi taýdan badalga berýäris” diýip, Milli Liderimiz aýtdy we mejlise gatnaşyjylaryň her biriniň bu möhüm syýasy-jemgyýetçilik çäräni üstünlikli geçirmäge mynasyp goşant goşjakdygyna berk ynam bildirdi.

Gahryman Arkadagymyz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek bilen bagly meseleleriň ara alnyp maslahatlaşyljakdygyny aýtdy.

Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy esasynda 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi möhüm wakadyr. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri şu ýyl köp sanly halkara çäreleri geçirmegiň meýilleşdirilýändigini nygtady. Hormatly Arkadagymyz 2025-nji ýylyň 12-nji dekabrynda geçiriljek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň wekilçilikli forumyny hem-de beýleki çäreleri ýokary derejede geçirmek üçin düýpli taýýarlyk görmegiň wajypdygyna ünsi çekip, bu çäreleri talabalaýyk guramak boýunça öňde duran wezipelerdir ýerine ýetirilmeli işler barada durup geçdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri sözüni dowam edip, baýramçylyk dabaralaryny we halkara çäreleri geçirmek, paýtagtymyzda alnyp barylýan gurluşyk-gurnama, abadanlaşdyrmak, abatlamak, arassalamak we gök zolaklara ideg etmek işleriniň depginini güýçlendirmegiň, halkara maslahatyň maksatnamasyny taýýarlamagyň zerurdygyny belledi. Şeýle hem çäreleriň çäklerinde ýokary hilli, kämil aragatnaşyk hyzmatlaryny guramak, häzirki zaman internet hyzmatlary bilen üpjün etmek tabşyryldy. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy çäreleriň geçirilýän günlerinde Aşgabadyň ilatynyň we myhmanlarynyň medeniýetli dynç almagy üçin has amatly şertleri döretmegiň, şanly senä taýýarlyk görmek bilen bagly paýtagtymyzy abadanlaşdyrmagyň, uly toýa ýokary derejede taýýarlyk görmegiň zerurdygyny nygtady. Gahryman Arkadagymyz öňde boljak şanly toýa geljek daşary ýurtly myhmanlary halkymyzyň myhmansöýerlik däplerinde garşylamagyň, olara ýokary hilli hyzmatlary hödürlemegiň möhümdigine ünsi çekdi. Halkara çäräniň geçjek günlerinde taryhy wakalary halk köpçüligine gyzgyny bilen ýetirmek üçin köpçülikleýin habar beriş serişdeleri üçin hem ähli zerur şertler döredilmelidir.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hemişelik Bitaraplygymyzyň ajaýyp ýörelgelerine daýanýan döwletimiziň bu günki gün dünýäniň halklaryny jebisleşdirýän, ýakynlaşdyrýan, dostlaşdyrýan ýurda öwrülendigini belledi. Hormatly Arkadagymyz Bitaraplygymyzyň şanyna guraljak dabaralardyr duşuşyklaryň guramaçylyk meselesine ýene-de bir gezek ünsi çekip, bu işe hemmeleriň uly goşant goşmalydyklaryny, Watanymyzyň at-abraýynyň mundan beýläk-de belende galmagy ugrunda yhlasly zähmet çekmelidiklerini aýratyn nygtady. Şeýle-de Milli Liderimiz çäreleriň geçirilýän döwründe jemgyýetçilik tertip-düzgüniniň, howpsuzlygyň berjaý edilmeginiň gözegçilikde saklanylmagynyň möhümdigine ünsi çekdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri maslahata gatnaşyjylara ýüzlenip, 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramy mynasybetli taýýarlyk-guramaçylyk işleriniň depginini güýçlendirmegiň möhümdigini, şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň bu ugurda ähli tagallalary etmekleriniň zerurdygyny aýtdy.

Soňra Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk baýramyna, Halk Maslahatynyň mejlisine hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygyna taýýarlyk görmegiň çäklerinde Aşgabat şäherinde alnyp barylýan işler barada hasabat bermek üçin Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedowa söz berdi. Ol paýtagtymyzy bagy-bossanlyga öwürmek, onuň ýaşaýjylary we myhmanlary üçin has amatly şertleri döretmek, baýramçylyk çärelerini ýokary derejede geçirmek boýunça şäher düzümine degişli gulluklar tarapyndan ähli zerur çäreleriň görülýändigini aýtdy.

Häzirki wagtda Aşgabat şäherinde has oňaýly we otaglarynyň ýerleşişi gowulandyrylan ýaşaýyş jaýlarynyň ençemesinde, söwda maksatly binalarda, olaryň daş-töwereginde abadanlaşdyryş işleri, yşyklandyryş sütünlerini çalyşmak, gök zolaklarda baglary ekmek hem-de abatlamak işleri bellenen möhletlerde ýerine ýetirilýär. Bulardan başga-da, paýtagtymyzyň ýaşaýyş toplumlarynyň çägindäki esasy şaýollaryň, köçeleriň, ähli ýerasty we ýerüsti geçelgeleriň arassaçylygy bilen bagly, şeýle-de etraplaryň çägindäki edara-kärhanalara degişli köp gatly ýaşaýyş jaýlarynyň, durmuş maksatly binalaryň daşyny abatlamak, ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmak işleri jemagat hojalygy edaralary tarapyndan gündelik alnyp barylýar. Ýurdumyzyň durmuşynda möhüm taryhy waka bolan Halk Maslahatynyň mejlisini guramaçylykly geçirmek üçin Aşgabat şäheri boýunça degişli gulluklaryň wekillerinden ybarat topary döretmek we ähli ugurlar babatda jogapkär adamlary berkitmek meýilleşdirilýär.

Gahryman Arkadagymyz öňde boljak baýramçylyk dabaralarynyň we wekilçilikli forumyň taryhy ähmiýetini belledi. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamalary esasynda üç gezek ykrar edilen Türkmenistanyň Bitaraplygy diňe bir sebitde däl, eýsem, tutuş dünýäde-de parahatçylygy we halklaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmakda möhüm orny eýeleýär. Şoňa görä-de, Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllyk şanly toýuny we oňa gabatlanan halkara ähmiýetli çäreleri ýokary derejede geçirmek wajyp wezipe bolup durýar. Bu dabaralary türkmen halkynyň myhmansöýerlik däplerine laýyklykda guramak zerurdyr diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Arkadagymyz baýramçylyk çäreleri mynasybetli paýtagtymyzda bezeg işlerini talabalaýyk geçirmek hem-de dabaralara ykjam taýýarlyk görmek babatda gymmatly maslahatlaryny berdi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisi jemläp, oňa gatnaşanlaryň ählisine berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi. «Hormatly Prezidentimiziň berk nygtaýşy ýaly, Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýip, Gahryman Arkadagymyz sözüni jemledi.

Soňky habarlar
21.08
«Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarka gatnaşyjylara
20.08
Dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda geçirilýän «Çalsana bagşy!» bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi
20.08
«Çalsana, bagşy!» döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi
20.08
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
20.08
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisi
20.08
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Ýaşulular geňeşiniň düzümini tassyklamak hakynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň KARARY
20.08
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini çagyrmak hakynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň KARARY
20.08
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk toparyny döretmek hakynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň KARARY
20.08
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň KARARY
20.08
Ýaşulularyň baý durmuş tejribesi — jemgyýetiň sazlaşykly ösüşiniň esasy
top-arrow