Hormatly müdiriýetiň agzalary!
Biz şu gün Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň müdiriýetiniň mejlisini geçirýäris. Mejlisiň dowamynda biz gaznanyň işini mundan beýläk hem kämilleşdirmek bilen bagly soraglara serederis.
Hormatly müdiriýetiň agzalary!
Häzirki wagtda ýurdumyz Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň iň möhüm çäresine — hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly toýuna taýýarlyk görýär. Biz hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk baýramçylygyny ýokary derejede, giňden belläp geçeris.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzy ösdürmek ugrunda möhüm ähmiýetli işler alnyp barylýar. Ýurdumyzyň abadançylygyny, halkymyzyň eşretli we döwrebap durmuşyny üpjün etmek boýunça amala aşyrylýan işleriň netijesinde eziz Diýarymyzda bu gün uly üstünlikler gazanylýar. Bularyň ählisi Garaşsyz Watanymyza bolan buýsanjymyzy has-da artdyrýar. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşynda Diýarymyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmäge gönükdirilen köp sanly çäreler geçirildi. Ýokary derejede geçen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde ähmiýetli resminamalar kabul edildi.
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan ýurdumyzda çagalaryň we ýetginjekleriň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegi ugrunda nusgalyk işler alnyp barylýar. Şu ýyl gaznanyň döredilmeginiň dört ýyllygy mynasybetli halkara maslahat hem ýokary derejede geçirildi. Gaznanyň halkara hyzmatdaşlygy has-da ösdürildi. Bularyň ählisi biziň maşgalany goldamak, enäniň we çaganyň saglygyny goramak, ösüp gelýän ýaş nesli terbiýelemek, bilim bermek bilen bagly işlerde halkara hyzmatdaşlygy giň gerimde ilerledýändigimizi tassyklaýar. Munuň özi berkarar döwletimizde her bir çaga mähirli garaýyş bilen howandarlyk edilýändiginiň güwäsidir.
Mätäje ýardam we goldaw bermek halkymyzyň häsiýetiniň esasy aýratynlyklarynyň biridir. Gadymdan gelýän bu asylly däplerimiz ene-atasyndan galan çagalary aýratyn üns-alada bilen gurşap almaga halkymyzy borçly edýär. Şeýle ynsanperwer işler geçmiş taryhymyzdan, ata-babalarymyzyň ajaýyp däplerinden ugur alýar.
Hormatly müdiriýetiň agzalary!
Berkarar döwletimizde ynsanperwer milli däplerimize eýermek bilen, ata-enesiniň ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlaryň howandarlygyndan galan çagalar hem-de ýetginjekler hakynda aýratyn alada edilýär. Döwletimiz bu çagalary üns merkezinde saklap, olaryň bilimli, Watana wepaly bolup ýetişmegi, özlerini agzybir maşgalanyň — jemgyýetiň doly derejeli agzasy hökmünde duýmagy üçin ähli mümkinçilikleri döredýär. Gazna tarapyndan howandarlyga mätäç çagalary durmuş taýdan goldamak, olaryň saglygyny dikeltmäge ýardam bermek, bagtyýar ýaşamagy üçin amatly şertleri döretmek boýunça netijeli işler durmuşa geçirilýär.
Gaznanyň işine yzygiderli goldaw bermekde, ýurdumyzda ynsanperwerlik, sahawatlylyk däplerini dowam etdirmek bilen, haýyr-sahawat işini ösdürmekde hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz ägirt uly tagallalary edýär. Täze taryhy eýýamda türkmen halkynyň gadymdan gelýän asylly däpleri Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ynsanperwer syýasatynda aýdyň beýanyny tapýar. Biz hemaýata mätäç çagalaryň ykbalyna, olaryň ýagty geljegini üpjün etmäge örän jogapkärli çemeleşýäris. Ýurdumyzda çagalaryň hiç biri hossarsyz däldir! Olaryň arkasynda dag ýaly döwlet durandyr.
Biz mundan beýläk hem çagalaryň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegi, jemgyýetimiziň durmuşyna doly derejede gatnaşmagy üçin ähli oňaýly şertleri döretmegi dowam etdireris. Geljek nesillerimize hemişe-de goldaw we hemaýat bereris. Ösüp gelýän nesillerimiz baradaky alada biziň beýik we ýagty geljegimiz baradaky aladadyr. Amala aşyrýan bu işlerimiz watandaşlarymyzyň häzirki we geljek nesilleriniň bagtyýar durmuşynyň binýadyny berkitmekde möhüm ähmiýete eýedir. Bu ugurda taryhy işleri durmuşa geçirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza alyp barýan parz, ynsanperwer, asylly işlerinde mundan beýläk hem uly üstünlikleri arzuw edýärin.
(Arkadag şäheri, 2025-nji ýylyň 5-nji noýabry)