Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz öňde boljak şanly seneleri dabaralandyrmak boýunça guramaçylyk döwlet toparynyň nobatdaky mejlisini geçirdi
Syýasy habarlar
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz öňde boljak şanly seneleri dabaralandyrmak boýunça guramaçylyk döwlet toparynyň nobatdaky mejlisini geçirdi
Çap edildi 06.11.2025
53

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramy mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk döwlet toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Hökümet agzalarynyň gatnaşmagynda guralan mejlisiň dowamynda halkara çärelere degişli guramaçylyk, hojalyk meseleleriniň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy.

Gahryman Arkadagymyz guramaçylyk döwlet toparynyň mejlisinde garaljak meseleler barada aýdyp, Garaşsyz ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygynyň golaýlap gelýändigini we bu baýramyň giňden, dabaraly bellenilip geçiljekdigini nygtady. “Türkmenistan parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty alyp barmak bilen, bu ugurda netijeli işleri durmuşa geçirip, wajyp başlangyçlary öňe sürýär. Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi möhüm wakalaryň biri boldy. Bu bolsa dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi goldamakda we berkitmekde aýgytly ädime öwrüldi” diýip, Milli Liderimiz sözüni dowam etdi.

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramy mynasybetli ýurdumyzda we dünýä döwletlerinde birnäçe halkara çäreler yzygiderli geçirilýär. Gahryman Arkadagymyz şu ýylyň 12-nji dekabrynda geçiriljek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň wekilçilikli forumynyň döwletimiziň parahatçylyk söýüjilikli syýasatyny dünýä ýaýmakda uly ähmiýete eýe boljakdygyny aýtdy. Bu halkara çäräni hem-de baýramçylyk dabaralaryny ýokary derejede geçirmek üçin ähli tagallalaryň edilmelidigini, bu asylly işe mynasyp goşant goşulmalydygyny belläp, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy degişli ýolbaşçylaryň gözegçilik edýän düzümlerinde bu ugurda alnyp barylýan işler baradaky hasabatlaryny diňledi.

Milli senenamamyzda möhüm orny eýeleýän hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygyny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek maksady bilen, ugurdaş düzümler bilen bilelikde ähli zerur tagallalar edilýär. Şunda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de Bitaraplyk baýramçylygy mynasybetli guraljak dabaralardyr beýleki çäreleriň maksatnamasynyň işlenip taýýarlanylandygy barada hasabat berildi. Şunuň bilen baglylykda, şanly seneleriň hormatyna giň möçberli medeni çäreler we dabaralar geçiriler. Aýratyn-da, halkara çärelere gatnaşýan myhmanlar üçin medeni-durmuş hyzmatlarynyň ýokary derejesi üpjün ediler. Bu işlerde milli myhmansöýerlik ýörelgeleri häzirki zamanyň ösen tejribesi bilen utgaşdyrylar.

Bitaraplyk baýramynyň şanyna geçiriljek çärelere taýýarlygyň çäklerinde guraljak medeni-köpçülikleýin çäreleriň maksatnamasynyň taýýarlanylmagyna toplumlaýyn esasda çemeleşilýär. Şol bir wagtyň özünde halkara çäreleri giňden wagyz etmek möhümdir. Baýramçylyk günlerinde işlejek meýletinçiler toparyny düzmek we onuň düzümine göreldeli ýaş mugallymlary, işjeň talyplary seçip almak işleri ýaýbaňlandyryldy. Halkara çärelere gatnaşjak myhmanlaryň aragatnaşygyň hem-de internetiň ýokary derejeli mümkinçilikleri bilen üpjün edilmegine zerur üns berilýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, şanly senäniň hormatyna guraljak dabaralaryň guramaçylygyna toplumlaýyn esasda çemeleşilmelidigini, şunda hiç bir meseläniň ünsden düşürilmeli däldigini nygtady. Gahryman Arkadagymyz hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesi üç gezek ykrar edilen ýurdumyzyň dünýäde uly abraýa eýedigini, birnäçe döwletler bilen işjeň halkara hyzmatdaşlygy alyp barýandygyny aýdyp, şanly senäniň hormatyna guraljak çäreleriň guramaçylykly geçirilmegine mynasyp goşant goşmak ugrunda zerur tagallalaryň edilmelidigine ünsi çekdi. Şunda söwda we durmuş hyzmatlarynyň medeniýeti ýokary halkara görkezijilere, milli myhmansöýerlik däplerine laýyk gelmelidir. “Medeni-köpçülikleýin çärelerde Watanymyzyň ähli ugurlar boýunça ýeten derejesi, ýurdumyzda gazanylýan üstünlikler, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda alnyp barylýan parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyň rowaç gadamlary öz beýanyny tapmalydyr. Baýramçylyk dabaralarynyň, halkara çäreleriň geçişi metbugat giňişliginde yzygiderli wagyz edilmelidir” diýip, Milli Liderimiz aýtdy we bu babatda maslahatlaryny berdi.

Gahryman Arkadagymyz guramaçylyk döwlet toparynyň mejlisiniň dowamynda baýramçylyk mynasybetli geçiriljek çäreleriň dowamynda dürli görnüşli harytlar, milli tagamlar bilen üpjünçilik meselelerine hem aýratyn üns berilmelidigini belläp, Aşgabat şäherinde, welaýatlarda söwda nokatlaryny açyp, olarda dürli görnüşli önümleriň, şol sanda sowgatlyk we ýadygärlik harytlaryň söwdasyny guramak babatda maslahatlaryny beýan etdi. Şanly sene bilen bagly medeni-köpçülik çärelerini, teatr çykyşlaryny ýokary derejede guramagyň, olary köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde hemmetaraplaýyn şöhlelendirmegiň, degişli neşir önümlerini taýýarlamak boýunça işleri geçirmegiň zerurdygyna hem üns çekildi.

Milli Liderimiz baýramçylyk günlerinde halkara ylmy-amaly maslahatlaryň guramaçylykly geçirilmelidigini, halkara çärelere meýletinçi, terjimeçi hökmünde gatnaşjak mugallymlardyr talyplaryň ýokary taýýarlygynyň üpjün edilmelidigini nygtady. Şunda myhmanlary garşy almak we ugratmak meselesi berk gözegçilikde saklanmalydyr. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy öňde boljak çäreleri we baýramçylyk dabaralaryny ýokary derejede geçirmek üçin Aşgabat şäherinde bezeg hem-de abadanlaşdyryş işlerini geçirmegiň möhümdigini aýdyp, bu ugurda degişli işleriň talabalaýyk ýola goýulmagynyň ähmiýetine ünsi çekdi. Umuman, halkara çäreleri üstünlikli geçirmek arkaly halkymyzyň asylly däp-dessurlary, myhmansöýerligi, eziz Diýarymyzyň hemmetaraplaýyn gülläp ösüşi bütin dünýä aýdyň görkezilmelidir. Şunda halkymyzyň “Gelen — döwlet” diýen paýhasly jümlesi öz beýanyny tapmalydyr.

Mälim bolşy ýaly, halkymyzdan we jemgyýetçilik wekillerinden gelip gowşan teklipleriň esasynda, Türkmenistanyň Mejlisiniň hödürlemegi bilen, hormatly Prezidentimiz 2025-nji ýylyň nyşanyny tassyklap, belent tutumlara badalga beripdi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belleýşi ýaly, 2025-nji ýyl ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna, BMG-niň döredilmeginiň 80 ýyllygyna beslenýär.

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň nyşanynda Bitarap Watanymyzyň ösüşlerini alamatlandyrýan ýaşyl, dik ýokary ösýän, güýçli kökleri bolan, şahalary asmana uzaýan derek agajynyň, ýurdumyzyň Döwlet baýdagynyň, şeýle-de BMG-niň baýdagynyň bolmagy, bir ganaty Garaşsyzlygymyzy alamatlandyrýan ýaşyl reňkde, beýleki ganaty bolsa hemişelik Bitaraplygymyzy alamatlandyrýan gök reňkde bolan ak laçyn guşunyň, parahatçylygy aňladýan zeýtun baldajygynyň ýerleşdirilmegi nyşana çuň manyly öwüşgin berýär. Gahryman Arkadagymyz Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň nyşanynda ýerleşdirilen gymmatlyklaryň ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň şanyna geçiriljek dabaraly çärelerde we olaryň bezeglerinde, sowgatlyk önümlerde giňden beýanyny tapmalydygyny aýdyp, bu babatda degişli ýolbaşçylara öz maslahatlaryny berdi. Milli Liderimiz şanly ýylyň nyşanynyň many-mazmunyny mekdeplerde ýaş nesillere düşündirmegiň zerurdygyna, munuň olary watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde ähmiýetli boljakdygyna hem ünsi çekdi.

Birleşen Milletler Guramasy bilen bilelikde geçiriljek halkara çäreleriň dünýäde parahatçylygy we ynanyşmagy berkitmekde, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge goşant goşmakda uly ädim boljakdygyna ynam bildirip, Gahryman Arkadagymyz guramaçylyk döwlet toparynyň nobatdaky mejlisini jemledi. Türkmen halkynyň Milli Lideri öňde uly wezipeleriň bardygyny, olary üstünlikli amala aşyrmak üçin ähli şertleriň döredilendigini nygtap, meýilleşdirilen çäreleri ýokary derejede geçirmek, Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň halkara abraýyny has-da ýokarlandyrmak ugrunda zerur çäreleri görmek babatda hemmelere üstünlikleri arzuw etdi we bu ýerden halkara çäreleriň geçiriljek esasy ýerlerine tarap ugrady.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow kaşaň Halkara maslahat merkezinde çäreleri guramaçylykly geçirmek boýunça döredilen mümkinçilikler bilen tanyşdy. Bu binada geçiriljek halkara maslahatlaryň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegi üçin ähli zerur tagallalar edilmelidir. Munuň özi olaryň netijeli häsiýete eýe bolmagyny şertlendirer. Şunda dünýäniň ösen tejribesiniň we sanly tehnologiýalaryň ulanylmagyna möhüm ähmiýet berilmelidir. Bu ýerde internet, aragatnaşyk ulgamlarynyň ähli ugurlarynyň sazlaşykly işiniň ýola goýulmagy bilen baglanyşykly meseleler yzygiderli gözegçilikde saklanmalydyr diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi.

Soňra Milli Liderimiz paýtagtymyzyň gözel künjeginde ýerleşýän Halkara kabul edişlik merkezine geldi. Bu ýerde ýokary derejeli myhmanlary kabul etmek hem-de olara ýokary hilli hyzmatlary hödürlemek üçin hemme zerur şertler döredilipdir. Şunuň bilen baglylykda, şanly seneleriň hormatyna guraljak çäreleriň guramaçylyk derejesine toplumlaýyn esasda çemeleşilýändigini nygtamaly. Bu çäreler daşary ýurtly myhmanlarda Türkmenistan we türkmen halky baradaky ýakymly ýatlamalary galdyrmakda ähmiýetli bolmalydyr diýip, hormatly Arkadagymyz belledi we bu babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe maslahatlary berdi.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri öňde boljak halkara çärelere taýýarlyk işleri bilen tanyşlygyň dowamynda “Arkadag” myhmanhanasyna geldi. Bu ýerde-de ýokary derejeli myhmanlary we halkara guramalaryň wekillerini kabul etmek üçin ähli mümkinçilikler bar.

Gahryman Arkadagymyz meýilleşdirilen halkara çäreleri ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek boýunça kesgitlenen wezipeleri abraý bilen ýerine ýetirmekde hemmelere üstünlik arzuw etdi we bu ýerden ugrady.

Soňky habarlar
06.11
Ýangyç-energetika toplumy — ykdysady ösüşiň binýady
06.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz öňde boljak şanly seneleri dabaralandyrmak boýunça guramaçylyk döwlet toparynyň nobatdaky mejlisini geçirdi
06.11
Türkmenistan Owganystana ynsanperwerlik kömegini iberdi
05.11
2025-nji ýylyň oktýabry: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
05.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy
05.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň müdiriýetiniň mejlisindäki çykyşy
05.11
«Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň täze sany okyjylara gowuşdy
04.11
Türkmenistanyň Prezidentiniň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş sapary başlandy
04.11
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
04.11
Watanymyzyň ykdysady ösüşi — halkymyzyň abadan durmuşynyň binýady
top-arrow