Şu gün ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ählihalk bag ekmek dabarasynyň güýzki möwsümine badalga berildi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmäge gönükdirilen başlangyçlary hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ählihalk bag ekmek dabarasy umumymilli çäreleriň iň möhümleriniň biri bolup, ýurdumyzyň ekologiýa abadançylygy ýörelgelerine ygrarlydygyny alamatlandyrýar.

Ählihalk bag ekmek dabarasy diňe bir ekologiýa çäresi bolman, eýsem, jemgyýetde jebisligi pugtalandyrmaga ýardam berýän möhüm medeni-durmuş wakadyr. Bu çäreler ýaş nesilde tebigata aýawly garamak we daşky gurşaw bilen sazlaşykly ýaşamak medeniýetini kemala getirýär. Ýurdumyzda asylly däbe öwrülen bag nahallaryny ekmek çäreleri giň möçberli özgertmeleri durmuşa geçirmäge gönükdirilen döwlet syýasatynyň möhüm ugry bolup, täze seýilgähleri, tokaý zolaklaryny döretmäge, türkmen topragynyň ösümlik dünýäsini baýlaşdyrmaga ýardam berýär. Şeýle yzygiderli tagallalaryň netijesinde paýtagtymyzyň we ýurdumyzyň beýleki şäherleriniň daş-töwerekleri tokaý zolaklary bilen gurşalýar.

Döwlet Baştutanymyzyň tutuş ýurdumyz boýunça ýaýbaňlandyrylan bu asylly çärä gatnaşmagy onuň ähmiýetini has-da artdyrdy. Munuň özi paýhasly pederlerimiziň asyrlaryň dowamynda kemala getiren milli dessurlarynyň häzirki zamanyň ruhuna laýyk derejede ösdürilýändigini alamatlandyrýar.
Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly, Aşgabadyň eteklerinde hem tokaý zolaklarynyň, şol sanda arça agaçlary oturdylan meýdanlaryň çäkleri barha giňeýär. Aşgabat şäheriniň Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň «Şäherlerdäki baglar» atly başlangyjyna bag ekmek çäreleri arkaly goşandy üçin degişli güwänama mynasyp bolmagy hem ýurdumyzyň ekologiýa diplomatiýasyny ösdürmekdäki üstünligidir, halkymyzyň tebigaty goramak ugrunda çekýän zähmetiniň ýokary baha mynasyp bolýandygynyň subutnamasydyr.

Şeýlelikde, bu gezekki köpçülikleýin bag ekmek dabarasy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek, daşky gurşawy goramak we Durnukly ösüş maksatlaryny gazanmak boýunça ählumumy tagallalara goşýan mynasyp goşandynyň aýdyň subutnamasy boldy.