Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Gahryman Arkadagymyz Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy
Syýasy habarlar
Gahryman Arkadagymyz Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy
Çap edildi 11.12.2025
473

Paýtagtymyzyň Halkara howa menziline Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň uçary gelip gondy. Uçaryň ýanynda türkmen halkynyň Milli Lideri Prezident Kasym-Žomart Tokaýew bilen mähirli görşüp, ony dostlarça garşylady. Gazagystanyň Baştutanyna gül desseleri gowşurylyp, duz-çörek hödür edildi.

Soňra Gahryman Arkadagymyz we Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew howa menziliniň ýokary derejeli myhmanlara niýetlenen otagyna geldiler. Bu ýerde olaryň gysgaça ikiçäk duşuşygy boldy.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli iri halkara foruma gatnaşmaga çakylygy kabul edip, Aşgabada gelendigi üçin Prezident Kasym-Žomart Tokaýewe minnetdarlyk bildirdi. Munuň özi Gazagystan Respublikasy we onuň doganlyk halky tarapyndan türkmen Bitaraplygyna hem-de türkmen halkyna goýulýan belent hormatdan nyşandyr.

Goňşy ýurduň Baştutany çakylyk üçin hoşallyk bildirip, Aşgabatda geçiriljek halkara forumyň uly ähmiýetini nygtady. “Oňa ýokary derejeli myhmanlaryň çagyrylmagy forumyň dünýä jemgyýetçiliginiň üns merkezinde durýandygyny görkezýär. Şoňa görä-de, Halkara Bitaraplyk gününde we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygyna eýe bolmagynyň 30 ýyllyk şanly senesi bellenilýän baýramçylyk gününde Aşgabat forumyna gatnaşmak meniň üçin belent abraý we uly hormatdyr” diýip, Prezident Kasym Žomart-Tokaýew aýtdy.

Duşuşygyň dowamynda türkmen-gazak hyzmatdaşlygynyň dürli ugurlar boýunça häzirki ösüşine üns çekildi. Türkmenistan we Gazagystan özara gatnaşyklary ösdürmek üçin häzire çenli kabul edilen döwletara ylalaşyklaryň we beýleki degişli resminamalaryň ýerine ýetirilmegine ygrarlydyrlar.

Taraplar türkmen-gazak hyzmatdaşlygynyň geljekde-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirip, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

Soňky habarlar
08.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow täze, döwrebap şäherçäniň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy
08.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň Ymambaba geňeşliginde täze, döwrebap şäherçäniň düýbüni tutmak dabarasyndaky ÇYKYŞY
08.04
Gahryman Arkadagymyzyň Awstriýa Respublikasyna sapary başlandy
08.04
Türkmenistanyň Prezidenti Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň saýlanan Prezidentini gutlady
08.04
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň dykgatyna
08.04
«Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň täze sany çapdan çykdy
08.04
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
07.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy
07.04
Gahryman Arkadagymyz bilen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
07.04
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi
top-arrow