Garaşsyz Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy we Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli geçiriljek iri halkara foruma gatnaşmak üçin Aşgabada ýokary derejeli myhmanlaryň gelmegi dowam edýär. Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň hut özi dostlukly ýurtlaryň birnäçesiniň Prezidentlerini paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde garşylady.
Gahryman Arkadagymyz, ilki bilen, paýtagtymyzyň Halkara howa menziline uçar arkaly gelip gonan Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowy mähirli garşylady. Belent mertebeli myhmana gül desseleri gowşurylyp, milli däp-dessurlarymyza laýyklykda duz-çörek hödür edildi. Uçaryň ýanynda mähirli garşylanandan soňra, howa menziliniň binasynda türkmen halkynyň Milli Lideri bilen Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentiniň gysgaça ikiçäk duşuşygy geçirildi.
Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli iri halkara foruma gatnaşmaga çakylygy kabul edip, Aşgabada gelendigi üçin dostlukly ýurduň Baştutanyna minnetdarlyk bildirdi. Gyrgyzystanyň Prezidenti çakylyk üçin hoşallyk bildirip, Aşgabatda geçiriljek forumyň möhüm ähmiýeti barada aýtdy.
Söhbetdeşligiň barşynda türkmen-gyrgyz gatnaşyklarynyň ösdürilmegine ikitaraplaýyn uly gyzyklanma bildirilýändigi nygtaldy hem-de hyzmatdaşlygyň ähli ugurlar boýunça geljekde has-da ösdüriljekdigine ynam bildirildi.