Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmen-awstriýa dostluk toparynyň mejlisi
Syýasy habarlar
Türkmen-awstriýa dostluk toparynyň mejlisi
Çap edildi 16.12.2025
1893

Şu gün paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda Türkmen-awstriýa dostluk toparynyň mejlisi geçirildi. Onda şu ýylyň dowamynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri jemlenildi. Utgaşykly görnüşde geçirilen mejlise türkmen we awstriýa tarapyndan toparyň agzalary gatnaşdylar.

Türkmen-awstriýa dostluk toparynyň ýolbaşçysy Neda Berger duşuşygy açyp, Gahryman Arkadagymyz bilen ýakynda geçiren duşuşygynyň ähmiýetini belledi. Ol 2008-nji ýylda bu toparyň döredilmeginiň türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Awstriýa amala aşyran ilkinji resmi sapary bilen gönüden-göni baglanyşyklydygyny aýdyp, medeniýet ulgamynda durmuşa geçirilen bilelikdäki taslamalara, maglumat alyşmalaryna we hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda soňky ýyllarda netijeli hyzmatdaşlygyň has-da pugtalandyrylýandygyna aýratyn ünsi çekdi.

Türkmen tarapyndan çykyş edenler özara ynanyşmak we birek-biregiň bähbitlerine hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan türkmen-awstriýa gatnaşyklarynyň ýokary derejesini kanagatlanma bilen bellediler. Nygtalyşy ýaly, iki ýurt hem bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak üçin bar bolan uly mümkinçiliklerden doly peýdalanmaga çalyşýar. Mejlisiň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga we dostluk toparynyň iş ugurlaryny giňeltmäge gönükdirilen birnäçe möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Sanly ulgam arkaly çykyş edenler işewürlik gatnaşyklarynyň pugtalandyrylýandygyny aýdyp, täze başlangyçlaryň hem-de durmuşa geçirilýän taslamalaryň ägirt uly mümkinçilikleriniň bardygyny nygtadylar. Özara bähbitli ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek, medeni diplomatiýa arkaly gatnaşyklary has-da ilerletmek ara alnyp maslahatlaşylan esasy meseleleriň hatarynda boldy. Mejlisde 2026-njy ýyl üçin geljegi uly beýleki taslamalar ara alnyp maslahatlaşyldy. Toparyň işini işjeňleşdirmäge, bilelikdäki işe öňdebaryjy türkmen kompaniýalaryny çekmäge degişli meselelere hem garaldy.

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy, Türkmen-awstriýa dostluk toparynyň 17 ýyllygy mynasybetli, iki ýurduň arasyndaky ykdysady we işewürlik taslamalarynyň ösdürilmegine goşan uly goşandy, şeýle hem köp ýyllaryň dowamynda alyp baran netijeli işi üçin toparyň degişli agzasy Hormat haty bilen sylaglanyldy.

Şeýlelikde, 2025-nji ýyl Türkmen-awstriýa dostluk toparyna diňe bir ikitaraplaýyn wezipeleri däl, eýsem, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň möhüm ählumumy gün tertibini durmuşa geçirmek üçin öz meýdançasyndan ýokary derejede peýdalanmaga hem mümkinçilik berdi.

Soňky habarlar
08.06
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
08.06
Türkmenistanyň Prezidenti Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnamasy guramasynyň Ýerine ýetiriji sekretaryny kabul etdi
07.06
Parahatçylyk, döredijilik we ösüş strategiýasy ähli gazananlarymyzyň esasydyr
07.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
07.06
Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy tassyklanyldy
06.06
Türkmenistanyň Prezidenti Şwesiýanyň Patyşasyny gutlady
05.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
05.06
Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň medeniýet ministrini kabul etdi
05.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
05.06
Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli halkara maslahat
top-arrow