Baş sahypa
\
Sport
\
Türkmen türgenleri Buhara oblastynyň kuraş boýunça açyk çempionatynda 14 medala mynsasyp boldular
Sport
Türkmen türgenleri Buhara oblastynyň kuraş boýunça açyk çempionatynda 14 medala mynsasyp boldular
Çap edildi 13.02.2017
2580

Biziň toparymyzda ýaryşyň iň ýokary baýragyna Milli sport we syýahatçylyk institutynyň talyplary Muhammet Temirow (81 kg çenli), Hudaýberdi Jumaýew (100 kg çenli), Aýnur Amanowa (52 kg çenli) mynasyp boldular. Şeýle hem Lebap welaýatynyň Galkynyş etrabynyň birinji sport mekdebiniň tälimçisi Mariýa Lohowa (78 kg çenli) we Türkmenistanyň kuraş federasiýasynyň türgeni Gülşat Nasyrowa (63 kg çenli) ýaryşyň altyn medalyna mynasyp boldular. Milli sport we syýahatçylyk institutynyň talyplary Marat Orazow (66 kg çenli), Aýna Jumagulyýewa (63 kg çenli) hem-de kuraş milli federasiýasynyň türgeni Bägül Nuryýewa (52 kg çenli) kümüş medala eýe boldular. Bürünç medala bolsa Milli sport we syýahatçylyk institutynyň wekilleri Saýara Ereşowa (57 kg çenli), Nedir Allaberdiýew (65 kg çenli), Şatlyk Jumanyýazow (73 kg çenli), Daýanç Taganow (90 kg çenli), şeýle hem Türkmenistanyň kuraş federasiýasynyň türgeni Mähriban Gurbanowa (57 kg çenli) hem-de Lebap welaýatyndan Sanjar Abdyrahmanow (90 kg çenli) mynasyp boldular. Kuraş şu ýylyň sentýabr aýynda Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna girýär. Bu iri toplumlaýyn oýunlara taýýarlyk görmegiň çäklerinde kuraş boýunça türkmen türgenleri Buharada özbek türgenleri bilen bilelikde okuw-türgenleşik işlerini dowam ederler.

Soňky habarlar
17.06
Türkmenistanyň Prezidenti Islandiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
16.06
Ösüşiň innowasion ýoly — jemgyýetiň we döwletiň rowaçlygynyň kepili
15.06
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
15.06
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygyny gutlady
15.06
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygyny gutlady
15.06
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 19 million 507 müň dollaryndan gowrak boldy
14.06
Türkmenistanyň Prezidenti Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidentini gutlady
13.06
Ýokary hünärli ýaşlar bilen serkerdeler düzüminiň hatary artýar
13.06
Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýokary okuw mekdepleriniň uçurymlaryna, serkerdelerine we professor-mugallymlaryna
12.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
top-arrow