Baş sahypa
\
Sport
\
Türkmenistandan tansçy jübüt Mogilewda geçirilen halkara bäsleşiklerinde ikinji oruna eýe boldy
Sport
Türkmenistandan tansçy jübüt Mogilewda geçirilen halkara bäsleşiklerinde ikinji oruna eýe boldy
Çap edildi 27.02.2017
2333

Sport tanslary boýunça türkmen türgenleri häzirki wagtda Belarus Respublikasynda okuw-türgenleşik ýygnanyşyklaryny geçýärler. Mogilýew şäherinde taýýarlyk çäreleriniň gidişinde açyk tans gözden geçirilişiniň çäklerinde halkara ýaryşy guraldy. Onda biziň ildeşlerimiz Aleksandr Sisekin bilen Waleriýa Nepomnýaşaýa kümüş medala mynasyp boldular. Baýraklar ugrunda “Latynamerikan tanslary” görnüşi boýunça bäsleşik geçirildi. Bu görnüşe samba, rumba, ça-ça-ça we jaýw tanslary degişlidir. Belarus türgenlerinden başga-da, Ukraniadan we Russiýadan bolan 100-e golaý ussat tansçy türgenler türkmenistanlylar bilen bäsleşdiler. Biziň tançlarymyz halkara derejesinde ýeterlik tejribe topladylar. Mysal üçin, A.Sisekin 2015-nji ýylda Moskwada geçen Bütindünýä tans olimpiadasynda ikinji orny eýelemegi başarypdy. Ine, ol özüniň sportuň bu görnüşi boýunça iň ezber türgenleriň biridigini ýene bir gezek subut etdi. Belarusdaky okuw türgenleşik çäreleri Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna toplumlaýyn taýýarlyk görmegiň çäklerinde guraldy. Mädim bolşy ýaly, bu oýunlaryň maksatnamasyna sport tanslary hem girýär. Halkara ýaryşynda gazanylan bu üstünlik bolsa sportuň bu görnüşi boýunça türkmen mekdebiniň ussatlygynyň ýeterlik derejede ýokarydygyny nobatdaky gezek aýdyň görkezdi.

Soňky habarlar
08.06
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
08.06
Türkmenistanyň Prezidenti Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnamasy guramasynyň Ýerine ýetiriji sekretaryny kabul etdi
07.06
Parahatçylyk, döredijilik we ösüş strategiýasy ähli gazananlarymyzyň esasydyr
07.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
07.06
Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy tassyklanyldy
06.06
Türkmenistanyň Prezidenti Şwesiýanyň Patyşasyny gutlady
05.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
05.06
Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň medeniýet ministrini kabul etdi
05.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
05.06
Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli halkara maslahat
top-arrow