Baş sahypa
\
Sport
\
Dünýä kubogy ugrunda awtoýaryşlarda türkmen topary üçünji oruna eýe boldy
Sport
Dünýä kubogy ugrunda awtoýaryşlarda türkmen topary üçünji oruna eýe boldy
Çap edildi 27.02.2017
2346

Russiýa Federasiýasynda awtosport boýunça “Ralli-reýd” görnüşinde dünýä Kubogynyň nobatdaky tapgyry tamamlandy. Onda ussat sürüjilerimiz bürünç medaly gazanmagy başardylar. Ildeşlerimiz hereketlendirijisiniň sygymy 2,1 we 2,2 litre barabar bolan maşynlarda geçirilen ýaryşlarda şeýle üstünlige mynasyp boldular. Ýaryşa Fransiýadan, Finlýandiýadan, Tunisden, Katardan, Saud Arabystanyndan, Polşadan, Slowakiýadan, Çehiýadan we beýlekilerden 12 topar gatnaşdy. “Russiýa-- Demirgazyk tokaýy 2017” ady bilen geçirilen bu ýaryşlar dünýäde ýeke-täk “garly” ýaryşlar bolup durýar. Onuň nusgawy ralli-reýdlerden esasy tapawudy aýlaw ýolundan ybaratlygydyr. Bu bolsa toparlaryň tehniki hyzmatynyň ýoluň bölekleriniň arasyndaky gatnawyny azaltmaga mümkinçilik berýär. Türkmen toparynyň düzümine halkara derejesindäki iri ýaryşlara ençeme gezek gatnaşan tejribeli ussatlar Şamyrat Gurbanow bilen Gurbanberdi Daňatarow girdiler. Biziň awto sürüjilerimiz ýaryşda “Nissan-patrol” kysymly awtomobilde çykyş etdiler. Awtomobil sportunyň milli federasiýasynyň türgenleri örän az wagt tapawudy bilen ýer eýeleriniň wekillerinden (birinji orun) we Saud Arabystanynyň hem-de Fransiýanyň birleşdirilen toparyndan (ikinji orun) yza galdylar.

Soňky habarlar
08.06
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
08.06
Türkmenistanyň Prezidenti Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnamasy guramasynyň Ýerine ýetiriji sekretaryny kabul etdi
07.06
Parahatçylyk, döredijilik we ösüş strategiýasy ähli gazananlarymyzyň esasydyr
07.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
07.06
Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy tassyklanyldy
06.06
Türkmenistanyň Prezidenti Şwesiýanyň Patyşasyny gutlady
05.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
05.06
Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň medeniýet ministrini kabul etdi
05.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
05.06
Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli halkara maslahat
top-arrow