Baş sahypa
\
Medeniýet
\
Halkara Nowruz baýramy mynasybetli esasy dabaralar 21-nji martda Mary şäherinde geçiriler
Medeniýet
Halkara Nowruz baýramy mynasybetli esasy dabaralar 21-nji martda Mary şäherinde geçiriler
Çap edildi 17.03.2017
2686

Halkara Nowruz baýramy mynasybetli esasy dabaralar 21-nji martda Mary welaýatynyň merkezindäki “Türkmeniň ak öýi” binasynda geçiriler. Halkymyzyň özboluşly däp-dessurlary, milli oýunlary, baýramçylyk dessurlary dabara aýratyn öwüşgin çaýar. Şeýle hem bu ýerde milli amaly-haşam sungatynyň, muzeýleriň, neşir önümleriniň gymmatlyklaryny özünde jemleýän sergi guralar. Onda Watanymyzyň azyk senagatynda we obasenagat toplumynda ýeten sepgitleri görkeziler. Baýramçylyk maksatnamasyna belli tans we folklor toparlarynyň, tanymal artistleriň hem-de bagşylaryň çykyşlary giriziler. Dabara gatnaşyjylar milli tagamlary taýýarlamagyň usullary bilen tanşyp bilerler. Şöhratly ahalteke bedewleri, baýramçylygyň özboluşly bezegi bolar. “Türkmeniň ak öýi” binasynda ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti guralar.

Soňky habarlar
17.06
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ahal welaýatyna iş sapary
17.06
“Türkmennebit” döwlet konsernine Hazar deňziniň türkmen böleginde ýerleşýän ygtyýarlandyrylan toplumlary özleşdirmek boýunça şertnamany baglaşmaga ygtyýar berildi
17.06
Türkmenistan — Slowakiýa: özara bähbitli ykdysady hyzmatdaşlygy ilerledip
17.06
Türkmenistanyň Prezidenti Islandiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
16.06
Ösüşiň innowasion ýoly — jemgyýetiň we döwletiň rowaçlygynyň kepili
15.06
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
15.06
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygyny gutlady
15.06
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygyny gutlady
15.06
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 19 million 507 müň dollaryndan gowrak boldy
14.06
Türkmenistanyň Prezidenti Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidentini gutlady
top-arrow